Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileriniň talyplar bilen duşuşyk baradaky aýdýanlary çapraz


Owgan resmileri talybanlaryň tussaglykda saklanýan öňki komandiri Molla Abdul Gani Baradar bilen iki aý mundan ozal Pakistanda duşuşanlyklary baradaky maglumat bilen bagly biri-birine çapraz gelýän jogap berdiler.

Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiniň agzasy Muhammad Ismail Kasimýar bu maglumaty tassyklap, "Frans-Press" agentligine bu duşuşykda parahatçylyk boýunça gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi barada gürrüň edenliklerini aýtdy.

Owganystanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Zardhaşt Şams bolsa, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “şeýle duşuşygyň bolmandygyny” aýtdy.

Molla Abdul Gani Baradar tussag edilen talyp liderleriniň içinde iň ähmiýetlisi hasaplanýar.

Ol Molla Muhammad Omaryň ynamdar kömekçisidi.

Resmi Kabul ol 2010-njy ýylda Pakistanda tussag edilende bu wakanyň jeňçiler bilen gepleşikleri ýola goýmak meselesine ýaramaz täsir ýetirjegini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG