Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ulag partlamasynda 5 adam heläk boldy


Hepdäniň duşenbe güni Owganystanyň Tahar welaýatynda ýoluň ugrunda goýlan minanyň üstünden baran ulagdaky 5 adam heläk boldy.

Olaryň arasynda Owganystanyň Işkameş etrabynyň häkimi Abdul Eziz, Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiniň agzasy Haji Haşim dagy hem bardy diýlip, habar berilýär.

Bu waka resmiler Tahar welaýatynyň merkezi şaheri Talukana barýarkalar ýüz berdi.

Ýerli häkimiýetler bu terror hüjümini talyplaryň gurnandygyny aýdýarlar.

Şeýle hem 13-nji awgustda Işkämeş etrabynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň hem ýerli häkimligiň beýleki wekilleriniň barýan maşyn kerwenine hüjüm edildi.

Ýöne hüjümçiliriň ok atyşykdan soň gaçandygy, owgan resmileriniň aman galandygy habar berilýär.

Owganystanyň merkezi hökümeti talyplar bilen gepleşikleri ýola goýmak maksady bilen Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşi döredipdi.

2011-nji ýylyň sentýabr aýynda bu geňeşiň ýolbaşçysy hem Owganystanyň öňki prezidenti Burhanuddin Rabbani özüni parahatçylyk boýunça gepleşiklerde talyplaryň wekili diýip tanyşdyran adam tarapyndan öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG