Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň prezidenti ýurduň baş harbylaryny wezipelerinden boşatdy


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi (M), wezipelerinden boşadylan feldmarşal Hussein Tantawi (Ç) we Müsüriň baş ştabynyň ýolbaşçysy Sami Annan
Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi (M), wezipelerinden boşadylan feldmarşal Hussein Tantawi (Ç) we Müsüriň baş ştabynyň ýolbaşçysy Sami Annan
Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi ýurduň ýokary derejeli iki generalyny pensiýa ugratmak baradaky buýrugyny “döwletiň bähbidi üçin” berendigini aýtdy.

“Adamlar we Müsüriň hormatly halky! Meniň şu gün kabul eden kararym käbir adamlara ýörite gönükdirilen diýlip hasap edilmeli däldir. Meniň haýsy hem bolsa bir edarany kemsitmek niýetim ýok. Men Allanyň azat edip döreden adamlarynyň erkinligini çäklendirmegi maksat edinmeýärin” diýip, Morsi aýtdy.

Ýurduň harby güýçleriniň başlygy feldmarşal Mohamad Hussein Tantawini hem-de baş ştabyň ýolbaşçysy Sami Annany çetleşdireninden soň eden çykyşynda prezident ýurduň harby güýçlerini öwdi we olaryň “mukaddes missiýasynyň indi halky goramaklyga” gönükdiriljekdigini aýtdy.

Mundan ozal prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirmegi maksat edilip, harbylar tarapyndan Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler hem ýatyryldy.

Geçen ýyl prezident Mubarek köpçülikleýin protestler netijesinde wezipesinden agdarylanyndan soň, Tantawi Müsüri wagtlaýyn dolandyrypdy. Wezipelerinden çetleşdirilmekleri barada Tantawiden we Annandan dessine reaksiýalar bolmady. Olaryň ikisi hem prezidentiň maslahatçysy hökmünde saklanylyp galyndy.

Köpçülikleýin goldaw

Müňlerçe müsürli prezidentiň kararyny goldap, ýekşenbe güni giçlik köçelere çykdy.

Morsini doly goldap, köçä çykanlaryň arasynda Saýýed Abdul Azim şeýle diýdi:

“Prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendiren we köp zatlaryň gijä galdyrylmagyna getiren konstitusion düzgüni ýatyrmak baradaky hormatly prezident Muhammad Morsiniň karary gaty gowy boldy. Şonuň üçin hem biz bu karary we Doktor Morsini ähli güýjümiz bilen goldaýarys”.

Şonuň ýaly-da, prezidentiň kararyny goldap çykyş eden Ra’afat Abdul Şenou “bu hereket prezidentiň pozisiýasyny harbylaryňkydan ýokary galdyrýar” diýdi.

“Dogrymy aýtsam, bu akylly ädilen we halka hukuklaryny gaýtaryp berýän ädim, sebäbi bu doly kada laýyk gelýär. Bu konstitusion üýtgetmeler arkaly prezidentiň ygtyýarlygy çäklendirilmeli däl, oňa öz gol astyndaky adamlar tarapyndan buýruk berlmeli däl”.

Iýun aýynda prezident edilip saýlanan Morsi “Musulman doganlygy” hereketiniň agzasy bolup durýar.

Mubarek agdarylanyndan soň “Musulman doganlygy” bilen harbylaryň arasynda dartgynly ýagdaý emele geldi.

Generallary çetleşdirmek we prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirýan karary ýatyrmak bilen bir hatarda, Morsi wagtlaýyn hereket edýän konstitusiýa üýtgetme hem girizdi. Bu üýtgetmä laýyklykda, harbylaryň kanun çykarmakdaky we býudjet meselesindäki syýasy rollary ýatyrylýar.

Ýekşenbe gününde yglan edilen kararlar onlarça ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelen harbylar bilen Müsüriň ilkinji raýat prezidentiniň arasyndaky ýeňil bolmadyk gatnaşyklarynyň täze eýýämini häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG