Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda jeňçi toparyň lideri häkimiýetlere tabyn boldy


Täjigistanyň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli wekilini öldürmekde aýyplanýan jeňçi toparyň lideri Tolib Aýombekow
Täjigistanyň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli wekilini öldürmekde aýyplanýan jeňçi toparyň lideri Tolib Aýombekow
Täjigistanyň resmileri Daglyk-Badahşan regionynda ýurduň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli wekilini öldürmekde aýyplanýan jeňçi toparyň lideri Tolib Aýombekowyň häkimiýetlere tabyn bolandygyny habar berdiler.

Tolib Aýombekow tabyn bolmazyndan öň ýerli telekanallaryň birinde eden çykyşynda regionda asudalygy saklamaklygyň hatyrasyna häkimiýetlere boýun egmäge taýýardygyny mälim etdi.

"Men Badahşanda we Täjigistanyň galan ýerlerinde asudalygyň hem durnuklylygyň saklanmagynyň hatyrasyna doganlarym hem ýaranlarym bilen bilelikde tabyn bolmaga taýýar" diýip, Aýombekow aýtdy. "Men mundan beýläk Badahşanda ýekeje-de ýaraglanan adam bolmaz ýaly beýlekileri hem ýaraglaryny tabşyrmaga çagyrýaryn. Bu kanuny bozanlar bolsa jogapkärçilige çekilerler. Biz gorkup häkimiýetlere boýun egmeýäris. Biz muny parahatçylygyň hatyrasyna edýäris".

Täjik resmileri Aýombekowyň Horug şäherindäki keselhanada bejergi alýandygyny aýtdylar.

Daglyk-Badahşan regionynyň resmileriniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda Aýombekowyň Horuk şäherinde erkin hem adalat sudda günäsizdigini subut etmäge özüne mümkinçiligiň berilmegi şerti bilen tabyn bolandygy aýdyldy.

Täjik resmileri geçen aýda Daglyk-Badahşanda ýurduň Milli howpsuzlyk gullugynyň generaly Abdullo Nazarowyň ölümine jogapkärleri ele salmak maksady bilen Aýombekowyň ýaraglanan toparyna garşy harby herekete başlapdylar.

56 ýaşly general Nazarow 21-nji iýulda sebitiň günortasyna sapar edýärkä, pyçaklanyp öldürildi. Bu hüjüm soňky birnäçe ýylyň dowamynda Täjigistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli resmisine garşy edilen ilkinji hüjüm boldy.

Aýombekow özüniň Nazarowyň ölümine dahylynyň ýokdugyny aýdýar. Şeýle hem ol neşe maddalarynyň we minerallaryň gaçakçylygyny gurnandygy baradaky özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Mundan başga-da Aýombekow aýallary goňşy Owganystana iberip, adam gaçakçylygyna ýol berendigi barada özüne bildirilýän aýyplamalaryň hem esassyzdygyny aýdýar.

24-nji iýulda Horug şäherinde geçirilen harby operasiýasynyň netijesinde 70 çemesi adam öldi. Olardan köpüsiniň asuda ýaşaýjylardygy aýdylýar.

Täjik häkimiýetleri 24-nji iýuldaky ýörite operasiýada 40 çemesi gozgalaňçynyň, şol sanda Owganystanyň 8 raýatynyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynda 250 müň çemesi adam ýaşaýar. Owganystan, Hytaý we Gyrgyzystan bilen serhetleşýän bu sebitiň ýaşaýjylarynyň aglabasy 1990-njy ýyllarda Täjigistanda bolan graždan urşunda oppozisiýanyň tarapynda bolupdylar.
XS
SM
MD
LG