Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuliýa Timoşenkonyň sud diňlenşigi ýene-de gaýra süýşürildi


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko suduň zalynda. 11-nji awgust, 2011 ý.
Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko suduň zalynda. 11-nji awgust, 2011 ý.
Ukrainada Harkowyň sudy tussaglykda saklanýan ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň salgyt galplyklary bilen bagly diňlenşigini ýene-de gaýra süýşürdi.

Sişenbe güni Sudýa Konstantin Sadiwskiý sud diňlenşiginiň 11-nji sentýabra geçirilýändigini mälim etdi. Prokurorlar Timoşenkonyň wideo şekilli konferensiýa arkaly suduň diňlenşigine gatnaşmagyny talap etdiler.

Timoşenko özüniň saglyk ýagdaýy sebäpli, suda gatnaşyp bilmejekdigini öňe sürýär. Şeýle-de ol prokurorlaryň wideo şekilli konferensiýa boýunça teklibini hem 31-nji awgustdan bäri ret edip gelýär.

Ýuliýa Timoşenkonyň salgyt galplyklary boýunça sud diňlenşigi eýýäm birnäçe gezek gaýra süýşürilipdi. Timoşenko 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kärhanasyna ýolbaşçylyk eden döwri, salgytdan millionlarça dollary saklap galmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG