Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda ýaragly söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleri çaknyşdy


Çeçenistanyň ýörite güýçleri Tsentoroýi obasynda operasiýa geçirýär. 29-njy awgust, 2010 ý.

Çeçenistanyň ýörite güýçleri Tsentoroýi obasynda operasiýa geçirýär. 29-njy awgust, 2010 ý.

Demirgazyk Kawkazyň Çeçenistan respublikasynda ýaragly söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk döredi. Şatoýi regionyndaky çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan bir adam we bir söweşiji öldürildi. Bu barada Orýsetiň resmileri habar berýär.

Öldürilen söweşiji 21 ýaşly Groznynyň ýaşaýjysy diýlip tanadyldy. Polisiýa çaknyşygyň dörän ýerinden kalaşnikow ýaragyny we başga-da ok-därini ele saldy.

Howpsuzlyk güýçleri sebitiň tokaýlarynda gizlenýän söweşijileri ele salmak işlerini dowam etdirýärler.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşetiýada we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG