Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda ulag partlamasynda şikes alan polisiýa işgäri öldi


Dagystanyň Hasawýurt şäherinde amala aşyrylan bomba hüjümi. 27-nji ýanwar, 2011 ý.

Dagystanyň Hasawýurt şäherinde amala aşyrylan bomba hüjümi. 27-nji ýanwar, 2011 ý.

Orsýetiň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan ulag partlamasynda agyr ýaralanan bir polisiýa işgäri, sişenbe güni keselhanada aradan çykdy.

Dagystanyň Derňew komitetiniň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni irden Buýinaksk şäherinde “näbelli jenaýatçy topar Ibragim Mamaýewiň “Nissan” kysymly ulagyna partlaýjy serişdeleri ýerleşdiripdir”.

Kapitan Mamaýew ýerli tussaghananyň başlygy bolup işläpdi.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpuszlyk gulluklarynyň arasynda ýygy-ýygyndan çaknyşyklar ýüz berýär.
XS
SM
MD
LG