Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýanyň ozalky premýeri Assadyň režimini “Hudaýyň duşmany” diýip atlandyrdy


Siriýanyň ozalky premýer-ministri Riýad Hijab

Siriýanyň ozalky premýer-ministri Riýad Hijab

Siriýanyň ozalky premýer-ministri Riýad Hijab ýurdy terk edenden soň, sişenbe güni ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş etdi. Ol şol çykyşynda Başar al-Assadyň režiminiň ýurduň diňe 30%-ne gözegçilik edýändigini aýtdy.

Şeýle-de Riýab Hijab çykyşynda, Assadyň režimini “Hudaýyň duşmany” diýip atlandyrdy. Ol Assadyň režiminiň “ruhy, maliýe we harby taýdan dargaýandygyny” belläp, beýleki hökümet resmilerini hem oppozisiýanyň tarapyna geçmäge çagyrdy.

Bu aralykda, sişenbe güni BMG-niň gumanitar edarasynyň başlygy Walerie Amos Damaska sapara bardy. Ol Siriýada dörän ýaramaz gumanitar ýagdaýlary maslahat eder.

Şeýle-de sişenbe güni Başar al-Assadyň ýörite wekili Bouthaina Şaaban Hytaýa bardy. Hytaý bilen Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Siriýa garşy kabul ediljek ençeme berk sanksiýalaryň öňüni alypdylar.
XS
SM
MD
LG