Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň demirgazygynda polisiýa ýaşlaryň topary bilen çaknyşdy


Fransiýanyň demirgazygyndaky Amiýen şäherinde polisiýa ýaşlaryň topary bilen çaknyşdy. Bu wakada ençeme ulag we bir çagalar bagy hem otlandy.

Amiýen şäheriniň häkimi Gilles Demailli sişenbe güni çykyş edip, şäheriň demirgazygynyň “weýrançylygyň sebitine” öwrülendigini belledi. 150-ä golaý polisiýa işgäri daş we feýwerkleri zyňýan ýaşlara garşy göz ýaşardyjy gazlary we rezin oklary atdylar.

Çaknyşykda 16 polisiýa işgärine şikes ýetdi.

Çaknyşyklar ýekşenbe güni giçlik, haçan-da polisiýa bir adamy ulagy howply ulanandygy üçin tussag edenden soň başlanypdy.

Sişenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland ýörişlere berk jogabyň beriljekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG