Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň öňünde nobat artýar


Soňky günler Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne adatdakysyndan has köp adamyň üýşýänligi habar berilýär.
Soňky günler Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne adatdakysyndan has köp adamyň üýşýänligi habar berilýär.
Soňky günler Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne adatdakysyndan has köp adamyň üýşýänligi habar berilýär. Nobatlaryň artmagyna näme sebäp bolýar? Azatlyk Radiosy Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Alekseý Musin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu günler ilçihananyň öňünde jemlenýän adamlaryň sany adatdakysyndan köpeldimi?

Alekseý Musin: Hawa, bu şeýle. Bu ýagdaý ýyllarboýy gaýtalanýar. Muňa Orsýetde okaýan ýa Orsýetiň üsti bilen beýleki ýurtlara okamaga gidýän studentleriň okuw ýylynyň başynda wiza almaga howlukmagy sebäp bolýar. Ilçihana şeýle ýagdaýda has köp adamy kabul etmek üçin öz adam we maddy resurslaryny artdyrdy. Biz studentleriň ählisiniň okuw ýylynyň başynda öz okuw jaýlaryna ýetişmekleri üçin mümkinçilik döretmäge çalyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Häzir ilçihananyň näçe işgäri dokumentleri kabul edýär?

Alekseý Musin: Wiza meselesi boýunça alty çemesi adam işleýär, ýagny konsulhananyň işgärleriniň aglaba köpüsi bu ugurdan iş alyp barýar.

Azatlyk Radiosy: Onda nobatlar näme sebäpden ululygyna galýar?

Alekseý Musin: Dokumentleriň doly taýýar edilmedik, ýa-da dogry doldurylmadyk halatlarynyň köp bolýanlygyny, bu ýagdaýyň studentlere hem degişlidigini belläsim gelýär. Anketalaryň düzedilmegine, ýa-da beýleki dokumentleriň sazlanmagyna köp wagt gidýär. Şonuň üçin studentler konsulhana taýýarlanyp gelseler, olaryň kabul edilşiniň wagty azalardy, bu has köp adamyň kabul edilmegine mümkinçilik dorederdi.

Azatlyk Radiosy: Ilçihananyň işgärleri anketalarda goýberilýän ýalňyşlyklary düzetmäge ýardam berýärlermi, ýa-da ýzlenýän adam öz dokumentlerini özi düzedip, başga bir gün gaýtadan gelmeli bolýarmy?

Alekseý Musin: Bu ýagdaýa bagly. Ýalňyşlygy düzedip bolýan bolsa, konsulhananyň işgäri ony düzedýär, bolmasa ýüzlenýän adam gaýtadan gelmeli bolýar. Konsulhanadan başga wiza merkezleriniň ýoklugy hem uly mesele bolup durýar. Şeýle ýagdaýda studentler ähli kagyzlary özbaşdak doldurmaly bolýarlar. Bildirişlere we nusgalara garamazdan, köp ýalňyşlyk goýberilýär.

Soňky günler Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne adatdakysyndan has köp adamyň üýşýänligi habar berilýär.
Soňky günler Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne adatdakysyndan has köp adamyň üýşýänligi habar berilýär.
Azatlyk Radiosy: Orsýet wizasyny almaga islegler artýan bolsa, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy goşmaça tölegli hyzmatlar bilen üpjün etmek ýa-da wiza merkezlerini açmak ýaly meseläni göz oňünde tutmaýarmy?

Alekseý Musin: Elbetde, bu meselä garalypdy. Emma, maňa mälim bolşuna görä, häzir Türkmenistanda goşmaça daşary ýurt wekilhanasyny ýa-da wiza merkezini açmak göz oňünde tutulmaýar. Gynansak-da, bu bize bagly däl.

Azatlyk Radiosy: Studentleriň wiza almaklary üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilenligini aýtdyňyz, olar aýratyn kabul edilýärmi?

Alekseý Musin: Studentleri ilçihananyň ähli işgärleri kabul edýärler. Şu günler ýazgy boýunça kabul etmek düzgüni bilen bilelikde janly nobat boýunça kabul etmek düzgüni hem işleýär. Janly nobat boýunça bir işgär işleýär, ol diňe studentleriň dokumentlerini kabul edýär.

Azatlyk Radiosy: Düýn näçe adamyň dokumenti kabul edildi?

Alekseý Musin: Mende bar bolan maglumata görä, düýn 300-e golaý adam kabul edildi. Bu san syýahatçylyk wizalaryny hem oz içine alýar. Şol sanyň üçden bir bölegi studentlere degişli.

Azatlyk Radiosy: Ýakyn günlerde ilçihananyň öňünde dawa turup, ýakalaşma ýaly wakalaryň ýüze çykanlygy barada habar berildi. Şeýle waka boldumy?

Alekseý Musin: Edil ýakalaşma barada hiç zat aýdyp biljek dal, men şeýle wakadan habarly däl. Emma öňünden düzülen nobatda ýer almak üçin esassyz dokumentleri ulanmaga synanyşyklar boldy, biz ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin kanun goraýjy edaralaryň işgärlerini çagyrmaga mejbur bolduk.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy adaty ýagdaýda günde näçe adamy kabul edýär?

Alekseý Musin: Adaty ýagdaýda günde 70-e golaý adamyň dokumentleri kabul edilýär. Bu işi adatça 2-3 diplomat ýerine ýetirýär.
XS
SM
MD
LG