Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisde aýallaryň haklaryny talap edip ýöriş geçirildi


Tunisde müňlerçe adam aýallaryň haklaryny talap edip protest ýörişini geçirdi.

Protestçiler 1956-njy ýylda kabul edilen, aýallara doly azatlygy berýän kanunyň gaýtadan ykrar edilmegini talap etdiler.

Proteste gatnşan uniwersitetiň professory Jalel Ezzine şeýle gürrüň berdi: "Siziň görşüňiz ýaly ýörişe köp adam, hem aýallar hem-de erkekler geldi. 50 ýyl töweregi Tunisde aýallaryň erkekler bilen deň derejede hukuklarynyň bardygy öňe sürlüp gelindi. Biz indi bu tendensiýanyň yza gaýtmagyndan howatyr edýäris”.

Duşenbe güni giçlik 6 müň töweregi adam, aglaba aýallar iki demonstrasiýany geçirdi.
XS
SM
MD
LG