Sepleriň elýeterliligi

Almatyda azyndan 11 adamyň jesedi tapyldy


Almaty oblastyndaky Ile-Alatau jemgyýetçilik seýilgähi.

Almaty oblastyndaky Ile-Alatau jemgyýetçilik seýilgähi.

Gazagystanyň günortasyndaky Almaty oblastynyň jemgyýetçilik seýilgähleriniň birinde azyndan 11 erkegiň we aýal maşgalanyň jesedi tapyldy. Ýurduň resmileri bu waka boýunça derňewe başladylar.

Duşenbe güni Ile-Alatau seýilgähinde tapylan jesetleriň ýedisinde pyçak yzlary bolup, galan iki jeset hem otlanypdyr. Sişenbe güni bu sebitde başga-da dört adamyň jesedi tapyldy. Olaryň üçüsi erbet ýanypdyr.

Gowuşýan maglumata görä, jesetleriň bäşisiniň şahsyýeti anyklanypdyr.

Olaryň biri brakonýerlere garşy göreşen Panaýot Zakharopulodyr. Beýleki jeseteler hem Zakharopulonyň maşgala agzalary we onuň egidenşleri bolup çykdy.

Gazagystanyň içeri işler ministri Kalmukhanbet Kasymow bu iş boýunça anyk maglumatlary bermekden saklandy. Ol bu adamlaryň belli bolmadyk dawa sebäpli öldürlen bolmaklarynyň mümkindigini öňe sürdi.

Bu iş boýunça derňew dowam edýär.

Bu wakadan iki aý töweregi ozal, gazak-hytaý serhedinde 14 gümrük işgäri öldürilip, olaryň bedenleri hem ýakylypdy.

Mundan soň, şol serhet birikmesinden gaçan bir esger tapyldy. 19 ýaşly hatarly Wladislaw Çelakha 15 adamy öldürmekde aýyplama bildirildi.
XS
SM
MD
LG