Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bomba hüjümlerinde onlarça adam öldi


Owganystanyň Samangan welaýatynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminden soňky ýagdaý. 14-nji iýul, 2012 ý.
Owganystanyň Samangan welaýatynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminden soňky ýagdaý. 14-nji iýul, 2012 ý.
Owganystanda ençeme tapgyr bomba hüjümleri amala aşyryldy.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen üç hüjümçiniň Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäherine eden hüjüminde azyndan 36 adam ölüpdir, başga-da 100-e golaýy hem ýaralanypdyr.

Bu wakadan birnäçe sagat soň, Kunduz welaýatynyň bazarlarynyň birinde motosikletde ýerleşdirilen bomba partladyldy. Bu wakada azyndan 10 adamyň ölendigi habar beriýär.

Mundan öň, Nimroz welaýatynyň häkimi Abdul Karim Barawi çykyş edip, Zaranj şäheriniň merkezindäki keselhananyň golaýynda hem janyndan geçen bir hüjümçiniň özüni partladandygy barada maglumat beripdi.

Barawiniň sözlerine görä, bu wakadan soň polisiýa beýleki janyndan geçen iki hüjümçä ýaraglardan ot açypdyr. Ot açmada tötänlikden şol hüjümçileriň üstündäki partlaýjy serişdeler hem ýarylypdyr.

Barawi özüni partlatmaga taýyn bolup duran başga-da üç hüjümçiniň atylyp öldürilendigini habar berdi. Şeýle-de üç hüjümçi tussag edilipdir.

Nimroz welaýatynyň ýerli geňeşiniň başlygynyň orunbasary Muhammet Nader Baluç sişenbe güni Azatlyk Radiosynyň owgan gullugy bilen söhbetdeş bolanda, bu hüjümleri ýazgardy.

Baluç: “Owgan halkynyň duşmanlary özüniň içalylaryny ulanyp, mukaddes Remezan aýynda bu hüjümleri amala aşyrdylar. Olar agzy bekli ençeme adamy öldürdiler. Biz duşmanlaryň bu hereketini ýazgarýarys” diýdi.

Şol bir wagtda, Nimroz welaýatynyň polisiýa başlygy general Muhammet Musa ölen adamlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýdýar.

Musa ölenleriň arasynda azyndan üç polisiýa işgäriniň hem bardygyny tassyklady. Ol: “Polisiýanyň 11 işgäri ýaralandy, üçüsi hem öldi. Şikes ýetenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar” diýdi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini etnek hiç kim öz üstüne almady. Emma, bular ýaly hüjümleriň jogapkärçiligi “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň üstüne atylypdy.

Nimroz degişlilikde parahat bir welaýat hökmünde häsiýetlendirilýärdi. Emma, soňky döwür bu welaýatda gazaplylygyň derejesi artyp başlady.
XS
SM
MD
LG