Sepleriň elýeterliligi

Türkmen turistleri üçin "bagtly gün"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman aýdylanda, daşary ýurtlara edýän saparlarynyň dowamynda-ha, köpçüligiň üýşen ýerlerine duýdansyz sapar edýän ýolbaşçy hökmünde tanalmaýar.

Emma ýurduň içinde welin, ýagdaý tapawutly. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri "Arkadagyň" ýerli halk bilen iň bärkisi bazarlarda we galereýalarda geçirýän duşuşyklaryny görkezmek üçin elinden gelenini edýärler.

Şeýle duşuşyklaryň biri hem geçen hepde Türkmenistanyň täze turizm paýtagty bolan Awazada deňze gezelenje baran ýerli turistlerden hyryn-dykyn doly bir awtobusda bolup geçdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanalynda görkezilen şol wideoýazgyda, prezidentiň, hökümetiň millionlarça dollar maýa goýup guran desgalarynyň “miwesini” görmäge barandygy aýdylyp, onuň ýerli halk bilen salamlaşyp ýörendigi görkezilýär.


Şol habardan belli bolşuna görä, prezident ýerli turistleri alyp baran awtobusa “duýdansyz” ýagdaýda münüp, olar bilen bir salym söhbet edýär. Turistler bolsa ýurtda hemme zadyň güllala-güllükdigini aýdyp, prezidente alkyş baryny ýagdyrýarlar, hatda şol awtobusy alyp berenligini aýdyp, oňa minnetdarlyk bildirilýär.

Bu alkyşlar diňe onuň bilen çäklenmeýär, gezelenje baran iki sany ýaşajyk çaga goşgy okap berýär. Goşguly çykyşlar tamamlanandan soň, Berdimuhamedow ýolagçylar bilen gysgaça pikir alyşýar. Şol söhbetdeşlikde bir zenan, şu wagta çenli Awazany diňe telewizorda gorendigini, şonuň üçin çagalary bilen bilelikde bu zolaga gezelenje gelendigini aýdýar. Turistlerden ýene biri, prezidenti awtobusda görmekligiň öz maşgalasy üçin "iň bagtly" gün bolandygyny nygtaýar.

Berdimuhamedowyň Awaza şäherine eden şol saparynyň takyk maksady belli edilmedi, ýöne turizm pudagyny ösdürmäge niýetlenilip gurlan bu zolaga halk köpçüliginiň ünsüni çekmek üçin täze badalganyň gerekdigi welin aýan.

Azatlyk Radiosy täze salnan kaşaň myhmanhanalaryň dynç almak isleýän adamlaryň ünsüni çekip bilmeýändigi barada iýul aýynda habar beripdi. Emma bu wideoýazgydan belli bolşuna görä, iýul aýyndan bäri Awazada o diýen üýtgän zat bolmandyr.

Wideoýazgynyň prezidentiň suwa düşýänler bilen salamlaşýan bölegine tomaşa edeniňde, deňziň gyrasynda saýawan gurar ýaly boş ýerleriň henizem gaty köpdügini aýdara esas bar ýaly görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG