Sepleriň elýeterliligi

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy garaşsyz, halkara habar guramasy bolup, ol radio tolkunlary, internet we sputnik arkaly 21 döwletiň, şol sanda Orsýetiň, Eýranyň, Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilatyna maglumatlary ýetirýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy erkin metbugatyň gadagan edilen, çäklendirilen ýa-da azat metbugatyň entek ornaşmadyk ýurtlarynyň halklaryna 28 dilde halkara we ýerli meseleler boýunça maglumatlary hödürleýär. Dünýäniň 30 milliona golaý ilaty maglumat üçin bu guramanyň habarlaryna bil baglaýar we ondan peýdalanýar. (Efir giňişligi)

Gubernatorlaryň Teleradiogepleşikler Geňeşiniň (BBG) garamagyndaky Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýär we onuň 19 döwletde ýerli edaralary bar. Guramanyň ýerine ýetiriji baş staby Pragada we korporatiw baş edarasy-da Waşingtonda ýerleşýär.

Häzirki döwürde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde, Orsýetiň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde, Bişkekde, Kiýewde, Minskde, Stambulda, Dubaýda we Waşingtonda türkmen dilinde habarlary we makalalary taýýarlap biljek ştatdan daşary habarçylary gözleýär.

Habarçy bolup işlemek üçin, türkmen dilini gowy derejede bilmek zerur. Şeýle-de kandidatlar saýlananda iňlis dilini bilýän, internetden başy çykýan dalaşgärlere goşmaça artykmaçlyk berler.

Dalaşgärlerden žurnalistikadan ýa-da ýazmakdan degişli derejede tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Şeýle-de, habarçy bolmak isleýän kandidatlaryň Türkmenistanyň we onuň goňşy ýurtlarynyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik gurluşlaryny düýpli bilmegi zerur.

Galyberse-de, dalaşgärleriň žurnalistiki bütewülige we bitaraplyga wepaly bolmak hem-de gyssagara şertlerde işläp bilmek ýaly şahsy ukyplara eýe bolmagyna garaşylýar.

Dalaşgärlerden žurnalistika ýa-da bu ugra ýakyn hünärlerden degişli diplomlarynyň, ýagny şahadatnamalarynyň bolmagy talap edilýär. Emma degişli ugurdan ozal gazanylan tejribe hem agzalýan şertiň ýerini tutup biler.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler özleriniň doly terjimehallaryny (CV), düşündiriş hatlaryny (Cover letter) we göz öňünde tutýan aýlyk haklaryny aşakda görkezilen e-mail salgysyna ugradyp bilerler.

E-mail salygysy: maglumat@yahoo.com
XS
SM
MD
LG