Sepleriň elýeterliligi

Damaskdaky harby edaranyň golaýynda partlama amala aşyryldy


Çarşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda, ýerli harby edaranyň golaýynda güýçli partlama amala aşyryldy. Bu partlamanyň bolan ýerine golaý ýerde BMG-niň synçylarynyň ýaşaýan myhmanhanasy-da ýerleşýär.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi bu partlamanyň bir maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylandygyny we wakada üç adamyň ýaralanandygyny habar berýär.

Wakanyň yzy bilen düýbi Dubaýda ýerleşýän “Al-Arabiýa” telekanaly we “Frans-Press” habar agentligi partlamanyň jogapkärçiligini Siriýadaky “Azat Siriýa Armiýasy” atly oppozision ýaragly toparyň öz üstüne alandygyny habar berdiler.

Bu wakanyň fonunda çarşenbe güni Saud Arabystanynyň Mekke şäherinde Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy Siriýadaky meseleler boýunça gyssagly maslahata ýygnandy.
XS
SM
MD
LG