Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan graždan awiasiýasyny ösdürýär


Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli howa parky dünýä belli “Boeing-757”, “Boeing-737” we “Boeing-717” kysymly 19 sany howa gämisi bilen üpjün edilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli howa parky dünýä belli “Boeing-757”, “Boeing-737” we “Boeing-717” kysymly 19 sany howa gämisi bilen üpjün edilendir.

Türkmenistan transport-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmekligiň çäginde howa gatnawuny halkara standartlaryna ýetirmekligi maksat edinýär. Bu ugurda “Türkmenistanyň graždan awiasiýasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň” işläp düzülendigi habar berilýär. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň graždan awiasiýasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamada” esasy ugur ýurduň transport-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilýär. Bu maksatnama laýyklykda, ýurtda täze aeroportlar we terminallar, inžener-tehniki desgalar gurular, şeýle hem graždan awiasiýasynyň häzirki wagtda hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrylar we rekonstruksiýa ediler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi esasynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy “2012-2030-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň graždan awiasiýasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamany” işläp düzdi.

Bu maksatnama üç döwri öz içine alýar: birinji döwür - 2012-2015-nji ýyllara, ikinji döwür – 2016-2020-nji ýyllara we üçünji döwür – 2021-2030-njy ýyllara bölünýär.

Howa gämileriniň parky

Howa gämileriniň parkyny planlaşdyrmak işi üç bölekden durup, ol Türkmenistanyň içki howa aragatnaşygyny, 5200 km. uzaklykdaky orta howa aragatnaşygyny hem-de 5200 km. uzaklykdan daşdaky howa aragatnaşygyny öz içine alýar. Ýakyn geljekde ýurduň medeni ýadygärliklerine syýahat etmek üçin wertolýot arkaly “howa taksisiniň” hyzmaty hem ýola goýular.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, şu günki gün Türkmenistanyň graždan awiasiýasy dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň, şol sanda “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän howa gämileriniň we wertolýotlarynyň häzirkizaman modelleri bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda ýurduň milli howa parkynyň dünýä belli “Boeing-757”, “Boeing-737” we “Boeing-717” kysymly 19 howa gämisi bilen üpjün edilendir. “2012-2030-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň graždan awiasiýasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň” durmuşa geçirilýän döwründe bu san 39-a ýetiriler.

Regionlarda ýerleşýän howa duralgalaryny halkara standartlaryna getirmek we olary tehnika bilen üpjün etmek işleri hem maksatnamada göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem, kenarýaka şäherinde ýük daşamak üçin howa duralgasyny giňden ulanmaklyk hem planlaşdyrylýar.

Daşary ýurtlara reýsler

Häzirki döwürde “Türkmenhowaýollary” içerki reýsler bilen bir hatarda 11 daşary ýurduň 15 şäherine yzygiderli reýsleri amala aşyrýar. Bu reýsler Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bankok, Birmingem, Deli, Dubaý, Kiýew, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg, Frankfurt şäherlerini öz içine alýar.

2012-2015-nji ýyl aralygynda Türkmenbaşy şäheriniň aeroportundan Stambul, Moskwa, Aktau şäherlerine, şeýle hem Aşgabadyň aeroportundan Urumçy, Phuket, Nowosibirsk, Milan, Antaliýa, Seul, Kuala-Lumpur şäherlerine reýsleri açmak planlaşdyrylýar.

2016-2020-nji ýyllar aralygynda “Boeing” uçarlarynyň sany 31-e getirilende Türkmenbaşy şäherinden Sankt-Peterburga, şeýle hem Aşgabatdan Jidda, Medine, Koçin, Ahmedabat, Samara, Hanoý, Wena, Sofiýa, Budapeşt, Manama, Nýu-Ýork, Toronto şäherlerine täze reýsleri açmak maksat edinilýär.

2021-2030 ýyllar aralygynda bolsa ýurduň graždan awiasyýasyndaky iň döwrepap howa gämileriniň sany 39-a ýetende Aşgabat şäherinden Pariže, Madride, Jakarta, Maskata, El-Kuweýte, Singapura, Şarm-el-Şeýha, Hurgada, Kaire howa aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçiligiň dörejekdigi aýdylýar.

Halkara guramalary bilen gatnaşyk

Türkmenistan 1993-nji ýylyň aprel aýynda Graždan awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) doly agzasy boldy. BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy hasaplanýan bu gurama howa aragatnaşygynda howpsuzlygy, ynamdarlygy we netijeliligi üpjün edýän halkara düzgünlerini kesgitleýär.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan Howa transportynyň halkara assosiasiýasyna (IATA) agza bolmak boýunça iş alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG