Sepleriň elýeterliligi

Moskwada “Pussy Riot” toparynyň tarapdarlary tussag edildi


Çarşenbe güni 20 töweregi aktiwist Moskwanyň esasy prawoslaw kelisesiniň öňünde “Pussy Riot” toparynyň tussaglykdaky agzalaryny goldap, piket geçirdi. Ýüzlerine maska geýnen aktiwistler “Hudaýdan pata alanlar rehimdardyrlar” diýlip ýazgy ýazylan plakatlary göterip, çykyş etdiler.

Kelisäniň gorag gullugynyň işgärleri piketi dargytmakçy bolanlarynda, protestçiler bilen olaryň arasynda ýumruklaşma ýüze çykdy. Bu wakanyň yzy bilen, polisiýa aktiwistlerden dördüsini tussag astyna aldy.

Şu ýylyň fewralynda Moskwanyň şu kelisesinde “Pussy Riot” toparynyň üç sany agzasy prezident Putiniň dolandyryşyna garşy kinaýaly çykyş edende, olar tussag edilipdiler. Olaryň işi boýunça suduň hökümi 17-nji awgustda çykarylar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG