Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: metjide edilen hüjümde azyndan 9 adam ýaralandy


Çarşenbe güni Owganystanyň Host welaýatynyň Baghi Sara etrabyndaky bir metjide edilen hüjümde azyndan 9 adam ýaralandy.

Host welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy Sardar Mohammad Zazaý bu wakada näbelli ýaragly adamlaryň granat zynyp, hüjüm edendiklerini habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, granatlardan biri metjidiň içinde, beýleki biri bolsa metjidiň howlusynda partlapdyr.

Bu hüjümi kimleriň gurnandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Bu wakadan bir gün öň, sişenbe güni ýurduň Nimroz we Gunduz welaýatlarynda amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 41 adam ölüpdi. Olardan aglabasy parahat ýaşaýjylar.
XS
SM
MD
LG