Sepleriň elýeterliligi

Azzam: “Harby liderleriň işden gitmegi harbylara ýarap-da biler”


Prezident Muhammad Morsi (ortada) feldmarşal Husseýn Tantawi (çepde) we Ýaragly güýçleriň ştabynyň başlygy Sami Anan bilen Müsüriň Harby Akademiýasynyň esgerleriniň okuw gutaryş dabarasyna gatnaşýar. Kair, 17-nji iýul, 2012.

Prezident Muhammad Morsi (ortada) feldmarşal Husseýn Tantawi (çepde) we Ýaragly güýçleriň ştabynyň başlygy Sami Anan bilen Müsüriň Harby Akademiýasynyň esgerleriniň okuw gutaryş dabarasyna gatnaşýar. Kair, 17-nji iýul, 2012.

Müsüriň prezidenti Muhammad Morsiniň iki sany ýokary derejeli harby ýolbaşçyny işden boşatmagy öň bolmadyk bir waka boldy. Londonda ýerleşýän “Çatam Haus” analiz merkeziniň agzasy Maha Azzam Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu waka we onuň berip biljek netijelerine syn etdi. Söhbetdeşligi Abubakar Siddik geçirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Müsüriň prezidenti Muhammad Morsiniň ýokary derejeli iki harby ýolbaşçyny, ýagny feldmarşal Muhammad Huseýn Tantawini we Ýaragly güýçleriň ştabynyň başlygy Sami Annany wezipeden çetleşdirmek kararyna siz nähili garaýarsyňyz?

Maha Azzam: Men muňa Müsüriň syýasatynda harbylaryň roluna garşy düýpli hereket hökmünde garaýaryn. Bu hereket Morsiniň Ýaragly güýçleriň baş geňeşiniň iki esasy agzasyna garşy öz güýjüni ulanýanlygyny görkezýär. Bu geňeş öňki prezident Hosni Mubaragyň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soňky geçiş döwründe örän möhüm rol oýnapdy. Bu köpleriň çak edişinden has tiz amala aşyryldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ýurduň syýasatynda güýçli rol oýnan harbylar Morsiniň kararyny kabul ederler öýdýärsiňizmi?

Maha Azzam: Harbylaryň, olaryň syýasy garaýyşlary nukdaý nazaryndan sredilende, umumy bir topary emele getirmeýänligini hasaba almaly. Wezipeden çetleşdirmek boýunça karara ýokary derejeli harbylar tarapyndan gelnen bolmagynyň hem mümkindigini, general Tantawiniň we Ýaragly güýçleriň baş geňeşiniň halk içindäki abraýynyň peselmeginiň harbylara erbet täsir ýetirýänligini duýýan adamlaryň bardygyny hem nazara almaly. Şonuň üçin, bu iki resminiň wezipeden çetleşdirilmeginiň Müsüriň harby we syýasy sahnasynda köpler tarapyndan makullanmagy hem mümkin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ýurduň syýasy partiýalary, şol sanda dünýewi we liberal partiýalar harby resmileriň wezipelerinden çetleşdirilmegini nähili kabul etdiler?

Maha Azzam: Bu olarda, belli bir derejede, gapma-garşy pikir döredýär. Syýasy we dünýewi güýçler Tantawiniň we häkimiýet başyndaky harby geňeşiň yza çekilmegini, Müsüriň bolsa raýat jemgyýetine öwrülmegini isleýärler. Şonuň üçin olar Tantawiniň çetleşdirilmegini esasan makullaýarlar. Emma başga tarapdan, Morsiniň öz hakimiýetini güýçlendirmäge çalyşmagy we onuň jemgyýetdäki meşhurlygynyň artmagy olary aladalandyrýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Müsürdäki syýasy krizisiň bir tarapy prezident Morsiniň we ýurduň Baş sudýasnyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklar bilen bagly. Indi şol gatnaşyklar uýtgärmi?

Maha Azzam: Prezident Morsiniň reformalar bilen bagly indiki hereketi sud häkimiýetine degişli bolmaly. Emma bu uly ussatlyk bilen edilmeli. Ol sud sistemasyna bir gurama hökmünde kölege salmaýanlygyna göz ýetirmeli. Emma sud sistemasynda syýasatda uly rol oýnan adamalar köp. Bu ýagdaý aslyýetinde üýtgemeli bolar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşligimizden gelip çykyşyna görä, Müsüriň ýagdaýy syýasy nukdaý nazardan kesgitsiz görünýär. Siz ýakyn wagtda ýagdaýyň nahili özgermegine garaşýarsyňyz?

Maha Azzam: Meniň pikirimçe, kesgitsizlik bar, emma ol esasan demokratiýalaşdyryş prosesiniň bir bölegi bolup durýar. 12-nji awgustda bolan waka prezidentiň tutanýerli bolmaga çalyşýanlygyny görkezdi. Onuň näderejede ylalaşyga gelip biljegini we parlamenti dikeltmekde näderejede üstünlikli bolup biljegini göreris. Bu onuň häkimiýeti üçin synag bolar, emma bu Müsürde demokratiýa prosesini hem pugtalandyrar.
XS
SM
MD
LG