Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan iki sany ganly wakany baglanyşdyrmaýar


11 adamyň jesedi tapylan “Ile-Alatau” atly jemgyýetçilik parkynyň bir bölegi. Almaty oblasty, 2010.

11 adamyň jesedi tapylan “Ile-Alatau” atly jemgyýetçilik parkynyň bir bölegi. Almaty oblasty, 2010.

Çarşenbe güni Gazagystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň günortasynda soňky wagt ýüz beren iki sany ganly wakanyň arasynda nähilidir bir baglanyşygyň bardygyny ret etdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Nurdilda Oraz žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şu hepde “Ile-Alatau” atly jemgyýetçilik parkynda köpçülikleýin adam öldürilmeginiň we şu ýylyň maý aýynda günorta serhet ýakada serhetçileriň öldürilmeginiň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny öňe sürdi.

Şu hepdäniň başynda Gazagystanyň polisiýasy Almaty şäherinden günortada ýerleşýän “Ile-Alatau” atly jemgyýetçilik parkynda pyçaklanyp öldürilen 11 sany adamyň jesedini tapdy. Bu adamlardan bäşisiniň jesedi oda ýakylypdyr.

Bu jesetleriň ýerli tokaý sakçylarynyň ulanýan jaýlaryndan we olaryň töwereklerinden tapylandygy habar berilýär. Polisiýa bu waka boýunça derňew işlerini alyp barýar.

Wakanyň syrly taraplary

Gazagystanyň içeri işler ministri Kalmukambet Kasymow sişenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda tokaý sakçylarynyň ulanýan jaýlaryndan biriniň doly ýakylyp, weýran edilendigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, beýleki bir jaýyň içindäki goşlara, hatda tüpeňlere we pullara-da el degrilmändir.

Ministrligiň metbugat sekretary öz çykyşynda bu waka boýunça alnyp barylýan derňewleriň nähili alamat beriji zatlaryň üstüni açandygy barada anyk maglumat bermekden saklandy.

Metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, polisiýa häzirki wagt baş tokaý sakçysy Panaýot Zaharopulonyň ogluny gözlemegini dowam etdirýär. Baş tokaý sakçysynyň oglunyň bu jenaýatçylygyň bolan wagty şol ýerde bolan bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

Baş tokaý sakçysy Panaýot Zaharopulonyň jesedi-de öldürilen adamlaryň arasyndan tapyldy.

Iki aýda iki waka

Gazagystanyň günortasyndaky bu jemgyýetçilik parkyndaky ganly waka ýurduň günorta serhet ýakasyndaky tokaýda 14 sany serhetçi bilen bir tokaý sakçysynyň öldürilmegi bilen bagly wakadan iki aýa golaý wagt soň ýüz berdi.

Şol serhet postunda gulluk eden esgerlerden biri, rýadowoý Wladislaw Çelah birneme soňra diri tapylypdy. Ýurduň prokuraturasy ony şol 15 adamyň ölüminde günäli hasaplap tussag edipdi.

Şol wakadan birneme soňra Wladislaw Çelah özüniň organ işgärleri tarapyndan gynalyp, bu jenaýatçylygyň jogapkärçiligini öz üstüne almaga mejbur edilendigini öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG