Sepleriň elýeterliligi

Elwisiň aradan çykanyna 35 ýyl boldy


Elwis Presleý (çepde) Golliwudda beren konsertinden soň, 1958-nji ýyl.

Elwis Presleý (çepde) Golliwudda beren konsertinden soň, 1958-nji ýyl.

Şu gün, 16-njy awgustda Elwis Presleýiň aradan çykanyna 35 ýyl bolýar.

Onuň talanty, görmegeý syraty, duýgurlygy, maýyl ediji we mylaýym häsiýeti we wäşiligi millionlaryň söýgüsini gazanypdy. Elwis Presleý 20-nji asyryň aýdym-saz medeniýetiniň iň görnükli şahsyýetleriniň biri, Amerikanyň hakyky medeni buýsanjy hasaplanýar. Oňa köplenç “Rok-n-Rolluň Şasy” ýa-da “Şa” hem diýilýär.

Elwis Presleýiň “Ahmyrly myhmanhana”, “Tazy”, “Meni mähir bilen söý”, “Alasarmyk”, “Ýa şu mahal ýa-da hiç haçan”, “Sen bu gije ýekemi”, “Iberene gaýtar”, “Sendäki jady”, “Söýmän durup bilemok”, “Tüýsüni üýtgeden arwah” ýaly aýdymlary henizem köpleriň aňynda ýaňlanýar.




Elwis maşgalanyň ýeke zürýady bolup ulaldy. Ol 13 ýaşynda maşgalasy Tenessi ştatynyň Memfis şäherine göçýär. Elwis 1953-nji ýylda Humes mekdebini tamamlaýar. Ol şol döwrüň estrada we halk sazlaryndan, kelisede eşiden Injil sazlaryndan ylham alýar.

1954-nji ýylda Elwis özüniň aýdym-saz karýerasyna “Sun Records” ady bilen girişýär. 1956-njy ýyla çenli ol halkara sensasiýa öwrülýär.

Özüniň gazanan uly abraýyna garamazdan, Elwis 1958-nji ýylda ABŞ-nyň harby goşun gullugyna gitmeli bolýar. Ol özüniň esgerlik döwrüniň köp bölegini Germaniýada geçirýär. Elwis şol ýerde 14 ýaşly Prisilla Býuli bilen tanşyp, ýedi ýarym ýyldan soň onuň bilen durmuş gurýar.

1973-nji ýylda Presleýiň konserti ilkinji gezek sputnik arkaly dünýä ýurtlarynda efire berilýär. Oňa takmynan 1,5 milliard adam tomaşa edýär.

Elwis ömrüniň dowamynda 33 filmde surata düşdi.

Elwisiň medisina dermanlaryny aşa köp ulanmagy onuň saglygyna agyr zeper ýetirdi. Ol 1977-nji ýylda 42 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG