Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwador J.Assanja syýasy gaçybatalga berýändigini yglan etdi


Penşenbe güni Ekwadoryň daşary işler ministri Rikardo Patino “WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanja Ekwadordan syýasy gaçybatalga bermek kararyna gelnendigini yglan etdi.

Şeýle hem, özüniň bu barada eden çykyşynda ol Britaniýanyň hökümetini Julian Assanjy tussag etmek maksady bilen Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyna güýç bilen girmek haýbatyny atýanlykda aýyplady.

Julian Assanj şu ýylyň iýunynda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyna gaçyp atyp, bu ýurtdan syýasy gaçybatalga sorapdy. Şondan bärem ol Ekwadoryň ilçihanasynda galmagyny dowam etdirýär.

Britaniýanyň häkimiýetleri ony Şwesiýada aýal maşgala jynsy taýdan el gatmakda bildirilýän aýyplamalar boýunça tussag etmek isleýär.

Julian Assanjyň özi Şwesiýa ekstradisiýa edilen halatynda, şwed häkimiýetleriniň hem özüni Birleşen Ştatlara tabşyrmaklarynyň we ol ýerde-de özüne içalyçylykda aýyplama bildirilmeginiň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirýär.
XS
SM
MD
LG