Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agzalykdan çykaryldy


Çarşenbe güni giçlik 57 ýurdy öz içine alýan Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy Siriýany bu guramanyň hataryndan çykarmak barada karar kabul etdi.

Saud Arabystanynyň Mekke şäherindäki maslahatda bu mesele boýunça geçirilen ses berişlikde diňe Eýran bu kararyň kabul edilmegine garşy ses berdi.

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy Siriýanyň režiminiň halk çykyşlaryny basyp ýatyrmakda gazaply güýç ulanmalaryny ýazgardy.

Bu wakanyň fonunda Siriýadaky ýaragly söweşijileriň Liwanyň bir raýatyny zamun almagyna jogap edip, Liwanyň bir şaýy topary siriýaly 20-den gowrak raýaty we Türkiýäniň bir raýatyny Liwanda zamun alandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG