Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Yslam hyzmatdaşlygy guramasyndan çykaryldy


Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň Mekgede geçen sammitinde, 14-nji awgust.

Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň Mekgede geçen sammitinde, 14-nji awgust.

Prezident Başar al-Assadyň ýurtda barýan gozgalaňda halka edýän zulum-sütemini göz öňünde tutup, Yslam hyzmatdaşlygy guramasy Siriýany 57 musulman ýurtdan ybarat bloga agzalykdan wagtlaýyn çykardy.

Eýranyň garşy çykmagyna garamazdan, musulman döwletleriň özara hyzmatdaşlyk guramasynyň Mekgede geçen sammitiniň ikinji güni bu baradaky ylalaşyga gelindi.

Jemleýji beýannamada guramanyň ýolbaşçylary Siriýada barýan gazaply hereketleriň ara salym salman togtadylmagyna çagyrdylar. Olar şeýle hem "Siriýa halkynyň gyrgynçylykdan we adamkärçiliksiz hereketlerden ejir çekmeginiň özlerini çuňňur alada goýýandygyny" mälim etdiler.

"Güýçli yşarat"

Birleşen Ştatlar musulman ýurtlaryň özara hyzmatdaşlyk guramasynyň bu kararyny gutlap, ony Assadyň režimine berlen "güýçli yşarat" diýip atlandyrdy.

Çarşenbe güni hökümetiň Alepponyň (Halabyň) demirgazynda ýerleşýän Azaz şäherine eden howa hüjüminde azyndan 20 adamyň ölendigi habar berildi.

Siriýanyň möhüm söwda merkezi bolan Aleppo şäherine kontrollyk ugrunda hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda indi üç hepdeden gowrak bäri söweş barýar.

Çarşenbe güni şeýle hem Damaskda Birleşen Milletler Guramasynyň ýüze golaý gözegçisiniň bolýan myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýän bir harby binada bomba partlap, üç adam ýaralandy. Gozgalaňçylaryň garamagyndaky "Siriýanyň Azat goşuny" bu partlamany özüniň amala aşyrandygyny aýdýar.

Siriýadaky konflikt indi Liwana-da syrygýana meňzeýär. Bu ýerde ýaragly şaýy taýpadaşlar hepdäniň başlarynda gozgalaňçylar tarapyndan tutulan bir garyndaşlarynyň boşadylmagyny gazanmak üçin özleriniň 20-den gowrak siriýaly bilen bir türk raýatyny ogurlandyklaryny aýdýarlar.

Adamlaryň ogurlanmagy sebäpli Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Katar öz raýatlaryny Liwana sapar etmezlige çagyrdylar.

Harby jenaýat

Birleşen Milletler Guramasynyň bildirmegine görä, Siriýada iki tarap-da harby jenaýat edipdir. Ýöne bu jenaýatlaryň aglabasyna jogapkär hökümet güýçleri bilen olaryň ýaranlary.

BMG tarapyndan geçirilen barlaglaryň görkezmegine görä, maý aýynda Houla obasynda 100-den agdyk bigünä adamyň ölümine sebäp bolan gyrgynçylyga hem hökümetiň tarapyny çalýan jeňçi toparlar jogäpkär.

Bu aralykda BMG-niň ynsanperwerlik işlerini utgaşdyryjy Waleri Amos ýurtda barha ýaramazlaşýan gumanitar ýagdaý barada gürleşmek üçin Damaskda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem bilen duşuşdy.

Siriýanyň daşary işler ministri ýurduň kynçylyk çekýän ähli ýerlerine ynsanperwerlik kömeklerini ýetirmek üçin iki tarapyň özara pikir alşandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG