Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Ors diplomaty "Pussy Riot" toparyna goldaw hatlaryny zyňdy


Protestçiler Orsýetiň "Pussy riot" toparyna goldaw bildirýärler. Edinburg. 14-nji awgust, 2012.
Protestçiler Orsýetiň "Pussy riot" toparyna goldaw bildirýärler. Edinburg. 14-nji awgust, 2012.
Halkara “Amnesty International” guramasy Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasyna Putine garşy çykyş eden “Pussy Riot” pank toparyna goldaw üçin ýazylan hatlardan doldurylan iki gapyrjagy tabşyrmakçy bolandygyny, emma ilçihananyň işgäriniň gapyrjaklary köçä zyňandygyny habar berdi.

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy içi hatly gapyrjaklary köçä taşlanlygyny ret edýär we bu gapyrjaklary howpsuzlyk nukdaý nazaryndan alyp bilmändigini aýdýar.

“Amnesty International” guramasynyň kampaniýalar we programmalar boýunça ýolbaşçysy Mişel Ringetiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol ABŞ-dan jemi 72 müň adamyň goly goýlan hatlary 14-nji awgustda bolan duşuşykda ilçihananyň wekillerine gowşurmakçy bolupdyr.

Bu hatlarda “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny tussaglykdan boşatmaga çagyryş edilýär. Bu zenanlar şu ýylyň mart aýynda “dini ýigrenje ýa duşmançylyga esaslanan … huligançylykda” günälenipdi. Feminist topar Wladimir Putiniň prezident bolmagyna garşylyk bildirip, fewral aýynda Moskwanyň Baş ybadathanasynda gurnan aýdym-sazly çykyşy sebäpli tussag edilipdi.

Ilçihanadaky duşuşyk

“Amnesty International” guramasyndan Mişell Ringet ilçihanadaky duşuşykda Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalar baradaky kanunlar bilen bagly problemalar we “Pussy Riot” barada açyk diskussiýa başlamaga synanyşandygyny, emma ilçihananyň baş geňeşçisiniň gahar-gazaba münüp, “her bir problemanyň öz sebäpleri bar” diýendigini gürrüň berdi.

“Orsýet resmisi ýerinden turdy we örän agressiw äheňde gürläp, biziň gitmeli wagtymyzyň gelenligini, duşusygyň gutaranlygyny, getiren hatlarymyzy özünin kabul etmejegini we içi hatly gapyrjaklarymyzy goýup gitmeli däldigimizi aýtdy - diýip, Mişel Ringet aýtdy. - Ol bizi gapyrjaklary alyp gitmäge güýç bilen mejbur etjek boldy. Ol gapyrjaklaryň birini biziň delegasiýamyzyň agzasynyň eline tutdurjak bolup, onuň barmagyny dildi. Şondan soň ol gapyrjaklary alyp, hasyrdap otagdan çykdy we olary köçaniň gyrasyna zyňdy.”

Mişel Ringet ors resmisiniň adyny agzamakdan boýun gaçyrdy.

Bu waka “Pussy Riot” toparynyň işi boýunça sud diňlenşiginiň öňüsyrasynda boldy. 17-nji awgustda toparyň agzalary Mariya Alýohinanyň, Ýekaterina Samutsewiçiň we Nadežda Tolokonnikowanyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmekleri mümkin. Prokurorlar olaryň üç ýyllyk tussaglyga höküm edilmegini talap etdiler.

Bu toparyň tarapdarlary, olaryň hataryna halkara derejesinde tanymal şahslar we syýasatçylar hem girýär, zenanlaryň işini Orsýetde söz azatlygyna edilýän basyşlaryň simwoly atlandyrýarlar.

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy Azatlyk Radiosyna “Amnesty International” guramasynyň ilçihanadaky duşuşyk barada “düýpden nädogry” maglumat ýaýradandygyny aýtdy.

Ilçihananyň resmisi Maksm Abramow ilçihananyň wekilleriniň howpsuzlyk barlagyndan geçmedik gapyrjaklary alyp bilmändiklerini aýtdy we hatly gapyrjaklary “hiç kimiň zyňmandygyny, olaryň ilçihananyň daş işiginde goýlandygyny” gürrüň berdi.

Ringet öz guramasynyň “Pussy Riot” toparyny goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Goldaw aksiýalary 17-nji awgustda dünýäniň 20-den gowrak şäherinde geçiriler.
XS
SM
MD
LG