Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň eteginde bir bikanun fabrikanyň üsti açyldy


Penşenbe güni Orsýetiň Ykdysady howpsuzlyk baradaky baş edarasy Moskwanyň eteginde bikanun we gizlin ýagdaýda iş alyp barýan bir tekstil fabrikasynyň üstüniň açylandygyny habar berdi.

Bu edaranyň maglumatyna görä, alty gat binanyň astyndaky podwalda ýerleşýän bu gizlin fabrikada wýetnamly 1 müň 200 töweregi bikanun zähmet migranty işleýän eken.

Orsýetiň Ykdysady howpsuzlyk baradaky baş edarasy bu fabrikanyň daşynyň ýörite gorag ofiserleri tarapyndan yzygiderli goralyp gelnendigini we fabrikanyň işgärleriniň gije-gündiziň dowamynda wideo kameralaryň gözegçiligi astynda işläp gelendiklerini aýdýar.

Şeýle hem, bu fabrikada öndürilýän önümleriň dünýä meşhur geýim öndüriji korporasiýalaryň önüm belgileri bilen öndurilip gelnendigi-de aýdylýar.
XS
SM
MD
LG