Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda Talyban söweşijileri harby baza hüjüm etdiler


Penşenbe güni ýaragly söweşijileriň bir topary Pakistanyň Kamra şäheriniň golaýyndaky harby-howa bazasyna hüjüm etdi. Bu wakada hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasynda ýüze çykan atyşyklar iki sagada golaý dowam etdi.

Habar serişdeleri bu atyşyklarda harby bazanyň territoriýasyna giren ýaragly söweşijileriň hemmesiniň, ýagny 9 adamyň atylyp öldürilendigini habar berdiler. Pakistandaky Talyban toparynyň sözçüsi Ahsanullah Ahsan hem bu maglumaty tassyklap beýanat etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol Talyban söweşijileriniň Pakistanyň harby we howpsuzlyk edaralaryna garşy hüjümlerini dowam etdirjekdigini oňe sürdi.
XS
SM
MD
LG