Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Orsýet harby baza barada ylalaşyga geldiler


Penşenbe güni Gyrgyzstanyň prezident administrasiýasy Orsýetiň bu ýurtdaky harby bazasyny ulanmak möhletini ýene 15 ýyl uzaltmak barada özara ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.

Prezident administrasiýasynyň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Sapar Isakow bu baradaky ylalaşyga şu hepdäniň başynda Bişkekde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde gelnendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Orsýet tarapy bu ylalaşygyň möhletini 49 ýyla uzaltmak isläpdir, emma Gyrgyzystan beýle ylalaşyga razy bolmandyr.

Orsýet Bişkegiň etegindäki harby bazany ulanýandygy üçin Gyrgyzystana ýylda 4.5 million dollar töleg töläp gelýär.
XS
SM
MD
LG