Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Orsýet bilen dil tapdy


Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary Igor Şuwalow (çepde) bilen gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkekdäki gepleşigiň öňýany. Bişkek, 14-nji awgust, 2012.
Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary Igor Şuwalow (çepde) bilen gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkekdäki gepleşigiň öňýany. Bişkek, 14-nji awgust, 2012.
Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasy Orsýetiň bu ýurtdaky harby bazasyny ulanmak möhletini ýene 15 ýyl uzaltmak barada özara ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.

Prezident administrasiýasynyň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Sapar Isakow bu baradaky ylalaşyga şu hepdäniň başynda Bişkekde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde gelnendigini aýtdy.

Isakow Orsýet bilen baglaşylan ozalky ylalaşygyň möhletiniň 2017-nji ýylda tamamlanýandygyny we täze ylalaşygyň möhletiniň şol ýyldan başlajakdygyny mälim etdi.

Bu gürrüňi edilýän ylalaşyk Orsýet tarapyndan Kant şäheriniň golaýyndaky harby bazanyň, Yssyk-Köldäki torpedo raketalaryny synag ediji bazanyň, Maýli-Su ilatly punktunyň golaýyndaky seýsmiki stansiýanyň we Çuý oblastyndaky aragatnaşyk merkeziniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Sapar Isakowyň sözlerine görä, Orsýet tarapy täze ylalaşygyň möhletini 49 ýyla uzaltmak isläpdir, emma Gyrgyzystan beýle ylalaşyga razy bolmandyr.

Kynçylyklar we çözgütler

Orsýet Gyrgyzystandaky bazalary ulanýandygy üçin Gyrgyzystana ýylda 4.5 million dollar töleg töläp gelýär.

Şu ýylyň ýazynda prezident Almazbek Atambaýewiň Moskwa sapary wagtynda Orsýet tarapynyň Kant bazasy üçin tölemeli 15 million dollar bergisi bilen bagly meseläni gozgamagy orsýet-gyrgyz gatnaşyklaryny birneme çylşyrymlaşdyrypdy.

Şol wakanyň yzy bilen Orsýetiň şol wagtky prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň Goranmak ministrligine bergiler bilen baglanyşykly meseläni aýdyňlaşdyrmaklyga we çözmeklige görkezme beripdi. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Orsýetiň metbugatynda Gyrgyzystanyň Orsýete tölemeli öz bergileriniň 493 million dollardygy barada maglumatlar peýda boldy.

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň wekili Sapar Isakow bu bergiler bilen bagly meseleleriň-de şu hepde ara alnyp maslahatlaşylandygyny we şu ýylyň güýzünde bu bergilerden 189 million dollaryny Orsýetiň hasapdan pozjakdygyny aýtdy.

Bu ylalaşygyň şertine görä, Yssyk-kölde Sowet döwründen bäri işläp gelýän torpedo synaglary boýunça bazanyň aksiýalarynyň 48 prosenti Orsýete degişli bolmaly edilipdir.
XS
SM
MD
LG