Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

San bolsam


(çepden saga) Şiraly Nurmyrat, Çary Aşyr we Artyk Jally
(çepden saga) Şiraly Nurmyrat, Çary Aşyr we Artyk Jally
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyr bilen 80-nji ýyllarda, respublikamyzyň halk artisti Artyk Jally bilen 90-njy ýyllaryň içinde dostlaşyp, bu iki läheňiň arasynda bizem bir san bolup galypdyk.

Artyk bilen ilkinji duşuşyk köçede, türkmen aýtmyşlaýyn, ýedi ýoluň ortasynda bolup geçdi.

Aşgabatdan Şagadama gidýän uly ýoluň çatrygynda duran beýik artist ilki bilen rulda oturan dostum Baýramyň gözüne ilipdir. Ýene bir dostum Sähet bilen yzky oturgyçda özara gürrüňe gyzyp oturyşymyza, maşynyň Artygyň ýanynda saklananyny görüp galdyk.

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdowsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy,
Alarnyň ýanynda men hem san bolsam
Magtymguly
Hamana, edil bize garaşyp duran şekilli, Artyk Jally maşynyň öň tarapdaky gapysyny açyp, Baýramyň gapdalynda ornaşdy-da, “Sür, inim, Bagyra!” diýdi.

“Aýgytly ädimde” Aşyryň, “Şükür bagşyda” Çapyk hanyň hem Mämmetýar hanyň rollaryny oýnap, dirikä rowaýata öwrülen artistiň Bagyrda ýaşaýandygyny şonda bilip galdyk.

Öýüne girip, sag goltugyndaky zatlary taşlap, gerek-ýaragyny çep goltugyna gysyp çykan Artyk ýene Baýrama ýüzlendi: “Indem nirä sürseň sürüber, inim!”

Pukaraja maşynymyza häli-şindi beýle meşhur adamlar münüp durmansoň, bizem nirä, näme üçin barýanymyzy unutdyk. Yzymyza, Aşgabada gaýdyp, öýde çaýlaşdyk.

Çaý-nahardan soň özara gürrüňe geçildi. Bary-ýogy iki-üç sagadyň içinde köne tanyşa öwrülip giden Artyga Sähet bir sorag bilen ýüzlendi:

– Ýaşuly, biz seni şeýle gowy görýäs, şeýle sylaýas hem buýsanýas, ýöne bir kinoda, “Gyzylgum” bolsa gerek, ady takyk ýadyma düşenok, bagyşla, sen Jüneýit han bolup, uly adamyň rolunda oýnaýaň. Ahyrynda bolsa ýönekeý birinden gaçdyň. Şonda biraz namys etdik. Öwrülip, gulagynyň düýbüne...

Eli bilen howany kesip goýberen Artyk edil şu ýerde Sähediň sözüni böldi:

– Pul ber – sendenem gaçaýyn!..

Sorag bermek gezegi maňa ýetdi:

– Halypa, sen bir köçede maşyna el galdyryp durmaly adam-a däl, Bagyryň çatryganda birine garaşyp durmydyň?

– Kinostudiýanyň maşyny gelmelidi, şoňa garaşdym. Çülüde, Pöwrizede bir epizod surata düşürilmelidi. Olar-a gijä galdy, sizem öňürtdiňiz.

– Baý-bow, biz onda “Türkmenfilmiň” bir günlük işini ýatyraýypdyrys-ow, – diýip, Baýram başyny ýaýkady.

– Aý, o bir gysga metražly film-laý. “Aýgytly ädimi” iki gün saklap, Alty Garlyňam sögünjini çekendirin. O hakda men ýene bir öwrümde gürrüň bererin... Gowusy, hälki “Nusaý” restoranyndan alyp gaýdan bir metrlik balygymyzyň daşyna geçäýeliň. Makulmy?

Artiste ýene bir sorag bermän ynjalyk tapmajagyma ymykly gözüm ýetdi:

– Halypa, in soňky sowal, rugsatmy?

– Eňter.

– “Şükür bagşydaky” roluň “Aýgytly ädimdäki” roluňdan güýçlüräk dälmi? Ol-a bir. Ikinjidenem, “Aýgytly ädimden” soň TSSR-iň Döwlet baýragyny almadyk artist galmadyk ýaly. Saňa näme üçin berilmedi şo baýrak?

Artyk Jallyýewiň jogabyna gözüne ýaş aýlap bilmedik adam bolup biler öýdemok:

– Nury Halmämmede berilmedik baýraga men mynasypmy?!

Artyk Jallyny soňky gezek 1990-njy ýylda görüp galdym. Paýtagtyň “Azatlyk” prospekti bilen “Mir” köçesiniň çatrygynda ýerleşýän hudožnik Nurmuhammet Berdiýewiň ussahanasynda, Çary Aşyr bilen otyrka üstlerine baryp, esli wagt oturanymyzdan soň, üç bolup gujaklaşyp, ýadygärlik surata düşdük. Şondan soň bizi aýra salan ykbal gaýdyp duşurmady.

On-on iki ýyl mundan ozal, Stokgolmda oturan ýerimde, ilki bilen Artygyň, iki ýyldan soňam Çary Aşyryň dünýäsini täzeländigini eşidip galdym.

Artyk Jally agyr kesele uçrap düşege süýnende, oňa hökümet keselhanasy hasaplanýan 4-nji uprawleniýäniň bir palatasyny rowa görmändirler.

Büzmeýiniň keselhanasynda iki-üç ýyllap galman ýatan beýik artistiň ömrüniň soňky ýyllarynyň garamatyny diňe Artygyň ýegre dosty Baba Annanyň ogly Kerim çekipdir.

Türkmeniň edebiýatyndan, sungatyndan, medeniýetinden beýikden-beýik şahslaryň kerweni geçip dur. Ýöne, Hudaýa şükür, olary adam şekilli ugradyp, yzynda galýanlaram entek-entek bar!

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.
XS
SM
MD
LG