Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sport barada täze Döwlet komiteti döredildi


Penşenbe güni geçirilen iş maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň turizm we sport baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Ferhat Arjanowy işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy.

Prezident ýurtda sporty ösdürmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilýändigine garamazdan, türkmenistanly sportsmenleriň abraýly halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmaýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Ol şunuň bilen baglanyşykly ýakynda Londonda geçen tomusky olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly sportsmenleriň örän pes netijeleri görkezendiklerini belledi. Ol şu ýylyň birinji ýarymynda turizm we sport pudagyna goýberilen serişdeleriň-de 36 prosentiniň asla ulanylmandygyny aýtdy.

Şu maslahatyň barşynda-da, prezident G.Berdimuhamedow ýurduň sportuny has netijeli ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň turizm we sport baradaky Döwlet komitetini ýatyryp, onuň bazasynda aýratyn Döwlet sport komitetini döretmek baradaky permana gol çekdi.
XS
SM
MD
LG