Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow orta bilimi 12 ýyla ýetirmek barada gürrüň etdi


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirip, ýurduň bilim, ylym, saglygy saklaýyş, medeniýet we sport pudaklaryndaky meselelere garady.

Bu maslahatda bilim ministri Gülşat Mämmedowanyň aýtmagyna görä, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 5 müň 766 student, ýörite hünärçilik mekdeplerine bolsa 5 müň 765 okuwçy kabul ediler.

Maslahatyň barşynda prezident Berdimuhamedow ýurduň bilim pudagyndaky kadrlaryň taýýarlanyş we bilim-terbiýeçilik işleriniň ýagdaýyny tankytlap, bilim ministrine berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem, prezident Berdimuhamedow milli bilim beriş sistemasyny dünýä derejesine çykarmaklygyň möhümligini nygtap, bilim ministrine ýurduň orta mekdeplerindäki okuwyň möhletini 11-12 ýyla ýetirmek meselesini öwrenmekligi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG