Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýadaky gözegçilik missiýasyny togtadýar


Damask, 15-nji awgust.

Damask, 15-nji awgust.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi bu guramanyň Siriýadaky gözegçilik missiýasynyň tamamlanmagyny buýurdy. Ýöne ol Damaskda harby däl-de, bir syýasy edara bolmaly diýilýän çagyryşlary goldaýar.

Häzir Howpsuzlyk Geňeşine prezidentlik edýän Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Gerard Araud bu karara geňeşiň penşenbe güni geçen duşuşygyndan soň gelnendigini bildirdi.

"Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýadaky gözegçilik missiýasynyň mandaty 19-njy awgustda tamamlanýar. Mandat täzelenmese, missiýa bes edilýär. Missiýany çykarmak işine öňümizdäki birnäçe günlükde başlanar" diýip, Araud aýtdy.

Araud missiýany uzaltmak baradaky şertleriň ýerine ýetirilmändigini, şeýle hem barha artýan zorlugy togtatmak, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň parahat ilatyň garşysyna agyr ýaraglar ulanmazlygyny gazanmak barada hem köp öňegidişligiň bolmandygyny bildirdi.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witali Çurkin penşenbe güni Nýu-Ýorkda žurnalistlere gözegçilik missiýasynyň mandatynyň tamamlanmagyna özüniň gynanýandygyny aýtdy.

"Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýadaky gözegçilik missiýasynyň mandatynyň soňlanmagyna gynanýarys. Biz geňeşiň missiýa öz işini dowam etdirip bilmez diýip, aýak diräp duran agzalarynyň duşmançylykly hereketleriň bes edilmegi, Siriýada bir syýasy çözgüde gelinmegi ugrunda çynlary bilen tagalla etmäge meýil görkezmändigine ynanýarys" diýip, Çurkin aýtdy.

BMG-niň ýaragsyz harby gözegçileri öňümizdäki bir näçe günlükde Damasky terk etseler-de, wakalara gözegçilik üçin ol ýerde bir graždan aragatnaşyk edarasy galar.

Siriýanyň döwlet mediasy Yslam hyzmatdaşlygy guramasyny bu ýurduň agzalygyny wagtlaýyn togtadandygy üçin tankytlap, guramany "günbatar kolonializmini", onuň agzalaryny bolsa "terroristleri" goldaýanlykda aýyplady.

57 ýurdy öz içine alýan Yslam hyzmatdaşlygy guramasy Mekgede geçen gyssagly sammitiň soňunda penşenbe güni özüniň Siriýany bu organa agzalykdan wagtlaýyn çykarýandygyny bildirdi. Agza döwletler "Siriýanyň halkynyň gyrgynçylykdan we adamkärçiliksiz hereketlerden ejir çekmeginiň özlerini çuňňur alada goýýandygyny" mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG