Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda polisiýa işgäri iki amerikan esgerini öldürdi


NATO-nyň resmileri anna güni Owganystanyň Farah welaýatynda bir polisiýa işgäriniň atan okundan iki sany amerikan esgeriniň ölendigini habar berdiler.

NATO güýçleriniň metbugat sekretary Jamie Greýbil bu wakada hüjüm eden polisiýa işgäriniň-de atylyp öldürilendigini aýtdy.

NATO-nyň maglumatyna görä, şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda ýerli owgan işçileri we organ işgärleri tarapyndan daşary ýurtlaryň 39 sany esgeri atylyp öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG