Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Afrikada polisiýanyň okundan 30-dan gowrak adam öldi


Penşenbe güni Günorta Afrika Respublikasynyň polisiýasy demonstrasiýa geçirýän şahtaçylara garşy ýarag ulananda, 30-dan gowrak adam öldi.

Bu çaknyşyk Rustenburg şäheriniň golaýynda şahtaçylaryň rugsat berilmedek demonstrasiýa geçirmek üçin ýygnanan wagty ýüz berdi. Ýüzlerçe şahtaçy öz aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny talap edip, soňky iki günüň dowamynda şol ýerde piket geçirip başlady.

Polisiýa bu piketçileriň elleri demir taýakly, pyçakly we hatda käbirleriniň tüpeňli pikete çykandyklaryny aýdýar. Häzirki wagt piketçileriň ölümine getiren bu waka boýunça derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG