Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: sud “Pussy Riot” toparynyň agzalaryna höküm çykardy


Anna güni Moskwanyň sudy “Pussy Riot” toparynyň üç agzasynyň her birini iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud olary “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” günäli diýip tapdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Mariýa Alýohina we Ýekaterina Samusewiç şu ýylyň fewralynda Moskwanyň esasy prawoslaw kelisesinde Putiniň dolandyryşyna garşy kinaýaly protest çykyşyny gurnanlarynda, tussag edilipdiler.

Orsýetiň prokuratura işgärleri sudda olara üç ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorap, çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG