Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: mugt zähmetiň nägilelikleri


Lebap welaýatynyň mekdepleriniň birinde tomus dynç alyş döwründe zibil syryp ýören mugallymalar. Lebap, awgust, 2012.

Lebap welaýatynyň mekdepleriniň birinde tomus dynç alyş döwründe zibil syryp ýören mugallymalar. Lebap, awgust, 2012.

Soňky döwürlerde Türkmenistanda býujet işgärleriniň mugt zähmetinden peýdalanmak, olara bag ekdirmek we işleýän ýerleriniň remontyny etdirmek ýaly ýagdaýlaryň gaýtalanýandygyny käbir türkmenistanlylar aýdýarlar.

Şeýle ýagdaýlara, esasanam, Lebap welaýatynyň Galkynyş we Garaşsyzlyk etraplarynda täze gurulýan çagalar baglarynda we mekdeplerde köp duş gelinýär. Ulanmaga beriljek binalarda mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri mugt işledilýär. Özem bu iş bir ýa iki gün däl, aýlap dowam edýär.

Öz ýolbaşçylary tarapyndan mugt işe çekilenlerden biri hem Galkynyş etrabynyň mekdepleriniň biriniň mugallymy, özüni Joraguly diýip tanadan ildeşimiz.

“Gurluşyklaryň proýekt-smeta resminamalarynda zir-zibilleri aýyrmak, abadanlaşdyryş işleri üçin pul serişdeleri göz öňünde tutulyp, şol pul serişdeleri gurluşyk firmasyna geçirilýän bolmaly. Emma olar öz işini doly etmänsoň, galan-gaçan işler biziň boýnumyza galýar” diýip, iňlis dili mugallymy Joraguly gürrüň berýär.

Gurluşyk planlary berjaý edilmeýär

Joragulynyň aýtmagyna görä, gurulýan mekdeplerdir çagalar baglary proýekt resminamasynda görkezilen plan doly berjaý edilmezden, ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, binalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, zir-zibilden arassalamak ýaly işler üçin goýberilen pul serişdeleri ikarada ýitýär.

Ol sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi: “Onsoň bilim işgärlerini – orta mekdepleriň mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini mejbury şol binalaryň ýetmezini bejermekde, daş-töweregini abadanlaşdyrmakda we bag ekmekde ulanýarlar, olary mugt işledýärler”.

Lebap welaýatynda gurluşyk planlary doly tamamlanman ulanyşa tabşyrylan täze mekdeplerden biri. Lebap, awgust, 2012.

Lebap welaýatynda gurluşyk planlary doly tamamlanman ulanyşa tabşyrylan täze mekdeplerden biri. Lebap, awgust, 2012.

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Galkynyş şäherçesinde ýaşaýan we özüni Setdar diýip tanadan beýleki bir mugallym hem şeýle işe çekilen lebaply mugallymlardan ýene biri. Onuň aýtmagyna görä, diňe onuň özi däl, bu etrabyň “Watan” daýhan birleşigindäki çagalar baglarynyň käbir terbiýeçileri we mekdepleriň käbir mugallymlary hem häzirki wagt şeýle ýagdaýlary başdan geçirýärler.

“Olar her gün ertirden günortana çenli işledilýär, 17 sany mekdepden 170 sany mugallym gurluşyga kömekleşmeli edilipdir. Täze gurlan çagalar bagynyň gurluşygyny bir hususy firma alyp barýar, eger şol kompaniýa öz işiniň hötdesinden gelip bilmejek bolsa, näme üçin gurluşyk etmegi boýnuna alýar?” diýip, Galkynyş şäherçesinde ýaşaýan edebiýatçy mugallym Setdar janygyp gürrüň berdi.

Biziň bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň aýtmaklaryna görä, 1-nji sentýabra çenli Lebap welaýatynda 9 sany çagalar bagy we 3 sany orta mekdep ulanmaga berler. Emma ulanmaga berlenden soň-da şol mekdepleriň ählisinde gurluşyk işleriniň doly tamamlanjakdygyna ynanmak kyn.

Bu ilkinji gezek däl

Bu ýagdaý mugallymlaryň işledilmegi bilen bagly şu ýyl ilkinji gezek ýüze çykýan waka däl, mugallymlar we çagalar baglarynyň terbiýeçileri täze gurlan mekdepdir çagalar baglarynyň binalaryny abatlamak, nahal ekmek, binanyň daş-töweregini zir-zibillerden arassalamak ýaly işlerde mundan ozalam işledilýärdi.

Galkynyş etrabynda ýerleşýän mekdepleriň biriniň mugallymy Setdaryň sözlerinden çen tutulsa, Galkynyş şäherçesindäki 17-nji orta mekdebiň gurluşygynda hem şol etrabyň mekdepleriniň käbir mugallymlary mugt işledilipdir.

Garaşsyzlyk etrabynda gurlan we ulanmaga berlenine bir ýyla golaý wagt geçen 2-nji sport mekdebiniň gurluşygynda-da mugallymlaryň we mekdebe gatnaýan çagalaryň hyzmatyndan mugt peýdalanylandygy barada maglumat bar.

Garaşsyzlyk etrabyndan adynyň agzalmagyny islemedik bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, bu etrabyň merkezindäki seýil bagyň golaýynda ýerleşýän we ulanmaga berlenine bir ýyldan gowrak wagt geçen 2-nji çagalar bagynda-da onuň kemçilikli ýerlerini bejermek ýaly işlerde etrabyň beýleki çagalar baglarynyň terbiýeçileri işledilýär.

Mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň işledilişi baradaky mesele boýunça ýerli administrasiýanyň wekillerinden jogap alyp bolmady. Emma mugallymlar özleriniň remont hem gurluşyk işlerinde mugt işledilmeginiň sebäbini soranlarynda, ýolbaşçylaryň olaryň aýlyk hak alýandyklaryny aýdyp çäklenýändiklerini biziň bilen söhbetdeş bolan mugallymlar gürrüň berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG