Sepleriň elýeterliligi

Sahy Jepbarsyz 35 ýyl


Sahy Jepbar öz aýdym-sazy bilen türkmen halkyna 60 ýyl çemesi hyzmat edip bildi.

Sahy Jepbar öz aýdym-sazy bilen türkmen halkyna 60 ýyl çemesi hyzmat edip bildi.

Türkmen halkynyň iň beýik bagşylaryndan biri Sahy Jepbaryň biziň aramyzdan gidenine 18-nji awgustda 35 ýyl bolýar. Ol dünýeden gidende 72 ýaşyndady.

Türkmen halkynyň arasynda beýik bagşylar köp bolupdyr diýip aýdýarlar. Ol, gürrüňsiz, şeýledir. Sebäbi aňyrdan gelýän däp bolmasa, soňraky beýik bagşylar hem bolmazdy.

Ýöne beýikleriň arasynda-da beýigi bar. Sesi bize gelip ýetenleriň arasynda Sahy Jepbar taýsyzlaryň biri bolsa gerek. Ol öz halkyna 60 ýyl çemesi hyzmat edip bildi.

Sahy Jepbar 1905-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňygala obasynda dünýä inipdi. Entek oglanka, millet onuň ýakymly owazyna geň galar ekeni. Ol turuwbaşdan “Oglan bagşy” adyny alypdyr. Soňra Türkmenistan Sowet Respublikasy döredilen badyna, baryp 1924-nji ýylda ol täze hem ýaş döwlete aýdym-sazy bilen gulluk edipdir.

Sahy Jepbaryň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän mazarystanlykdaky gubury.

Sahy Jepbaryň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän mazarystanlykdaky gubury.

Şondan tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli-de ol halkdan hyzmatyny gaýgyrmady. Ýaradan oňa ajaýyp ses beripdir. Ol ýaşy bir çene baranda-da, öz sesine hem-de dutaryna ussatlyk bilen erk etmegi başarypdy. Megerem, soňky aýdymlarynyň biri bolsa gerek, ol “Garraman indi” diýen aýdym döretdi.

Bagşynyň sözlerinde belli bir derejede çeper ulaltmalar bolan bolsa-da, ol halk aýdym-saz sungatynda özüne mahsus sungat ýoluny döretmegi başarypdy. Ol halk aýdymlaryny ýokary ussatlyk bilen köpçülige ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde, ol türkmen şahyrlarynyň sözlerine ençeme täze aýdymlary-da döretdi. Olardan “Altyň biri” we “Ýarap borka” ýaly aýdymlary şu güne çenli örän kämil eserler saýylýar.

Geçen ýyllaryň içinde türkmen radiosynda Sahy Jepbarowyň aýdym aýtmaýan ýa onuň döreden aýdymlarynyň aýdylmaýan güni ýok diýerlikdir. Ol şeýle köp hem netijeli işlemegi başardy.

Öz döwründe Hally bagşy ýaly tanymal ussatdan tälim alyp, uly halypalaryň ýoluny ýöredenem bolsa, ol halk aýdymlaryny özüne mahsus ýol bilen aýtdy. Ol aýdymlary örän mylaýym owaza – lirizme ýugurdy.

Sahy Jepbarowyň ikinji bir beýik hyzmaty onuň ençeme şägirtleri ýetişdirendigidir. Bu ugurda hem onuň hyzmaty taýsyz uludyr. Olardan Gurbandurdy Jeňowy, Nabat Nurmuhammedowany, Nurjemal Adyýewany, Nurmyrat Annaýewi, soňkulardan Orazgeldi Ylýasy, Mäne Garany hem Gurbanmämmet Garajany ýatlasa bolar.

Bagşy Sahy Jepbaryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG