Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ban Ki Mun Eýranyň liderleriniň eden çykyşlaryny ýazgardy


Şenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun Eýranyň baş ruhy lideriniň we prezidentiniň Ysraýyla garşy eden tankydy çykyşlaryny ýazgardy. Ban Ki Mun olaryň eden çykyşlaryny “kemsidiji we öjükdiriji” diýip atlandyrdy.

Anna güni Tähranda döwlet tarapyndan gurnalan ýörişde eýranlylaryň müňlerçesi “Amerika ölüm! Ysraýyla ölüm!” diýen şygarlary gygyryşdylar.

Bu çärede eden çykyşynda prezident Mahmud Ahmedinejat Ýakyn Gündogaryň geljekki taryhynda ýewreý döwletine orun bolmajakdagyny aýdyp, çykyş etdi.

Mundan birneme öň, şu hepdäniň başynda Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi hem geljekde Ysraýylyň Palestinanyň territoriýasyna öwrüljekdigini we öz ýaşaýşyny bes etjekdigini nygtap çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG