Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet we Hytaý BMG-niň Siriýa boýunça täze wekilini goldadylar


Şenbe güni Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Siriýa boýunça wekiliniň wezipesine Lahdar Brahiminiň bellenilmegini oňlaýandyklaryny mälim etdiler.

Asly alžirli tanymal diplomat Lahdar Brahimi anna güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Siriýa boýunça ýörite wekil hökmünde bellenildi. Mundan ozal bu wezipäni Kofi Annan ýerine ýetirip gelipdi we ýakynda ol bu wezipeden çekilipdi.

Siriýa garşy sanksiýalaryň girizilmegine garşy çykyş edip gelýän Hytaýyň we Orsýetiň Daşary işler ministrlikleri Lahdar Brahimi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG