Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudunyň çykaran hökümi ýiti reaksiýalary döretdi


Moskwanyň sudunyň anna güni “Pussy Riot” toparynyň üç agzasyna garşy çykaran hökümi halkara jemgyýetçiliginde ýiti reaksiýalary döretdi.

Anna güni Moskwanyň sudy “Pussy Riot” toparynyň üç agzasynyň her birini iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud olary “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” günäli diýip tapdy.

Orsýetiň sudunyň bu hökümini ynsan hukuklaryny goraýjy köpsanly guramalar bilen birlikde, Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurtlarynyň hökümetleri-de berk tankyt etdiler.

Anna güni Moskwanyň sudunyň binasynyň daşynda demonstrasiýa geçiren aktiwistlerden 50-den gowragy polisiýa tarapyndan tussag edildi.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Mariýa Alýohina we Ýekaterina Samusewiç şu ýylyň fewralynda Moskwanyň esasy prawoslaw kelisesinde Putiniň dolandyryşyna garşy kinaýaly protest çykyşyny gurnanlarynda, tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG