Sepleriň elýeterliligi

Sarsgyndan ejir çeken ermeniler kömek isleýärler


Ermenistanyň günortasyndaky Warhawar obasynyň bir ýaşaýjysy ýer yranmasynda zyýan çeken jaýyny görkezýär. 15-nji awgust, 2012.

Ermenistanyň günortasyndaky Warhawar obasynyň bir ýaşaýjysy ýer yranmasynda zyýan çeken jaýyny görkezýär. 15-nji awgust, 2012.

Eýrany 11-nji awgustda iki sany güýçli ýer yranma sarsdyranda, onuň goňşusy Ermenistan öz kömegini teklip edip, 300-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan bu tebigy betbagtçylyk bilen bagly Eýrana öz gynanjyny bildiripdi.

Ýöne goňşy Eýranda bolan ýer yranmadan zýyan çeken we Eýranyň serhedine golaý ýerleşýän ermeni obalarynyň ýaşaýjylary bu meselede Ýerewanyň özlerini ýatdan çykarýandygyny aýdýarlar.

Ermenistanyň günortasynda ýerleşýän obalaryň biri bolan Warhawaryň ýerli ýaşaýjysy Walerik Dawtýan: “ Ýekeje resmi hem bu ýere gelip, biziň halymyzdan habar tutmady” diýip janykdy.

Başga bir oba ýaşaýjysy hem öz nägileligini şeýle beýan etdi: “Hiç kim bizi görmäge geljek bolmady. Biziň aladamyzy etmäge synanyşýan diňe biziň ýerli häkimimiz”.

Ýerli ýaşaýjylar bu obanyň birnäçe jaýyna zyýan ýetiren ýer yranmanyň täsirinden henizem çykyp bilenoklar.

30 töweregi sarsgyn döredi

Eýranda bolan weýrançylykly ýer yranma bilen bir wagtda Ermenistanda hem 30 töweregi ýerasty sarsgyn döredi. Bu ýagdaý käbir adamlary obany terk edip, paýtagt Ýerewana gitmäge we käbirlerini bolsa öz gijelerini açyk meýdanlarda geçirmäge mejbur etdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, ýerasty sarsgynlaryň köpüsi Ermenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Sýunik regionynda hasaba alnypdyr.

Warhawar obasynda ýer yranmasynyň gaýtalanmagyndan gorkup, daşarda ýatýan çagalar. 15-nji awgust, 2012.

Warhawar obasynda ýer yranmasynyň gaýtalanmagyndan gorkup, daşarda ýatýan çagalar. 15-nji awgust, 2012.

Warhawa obasynyň gözi gorkan ilaty ýene-de ýerasty sarsgynlaryň bolmagyndan gorkup, 11-nji awgustdan bäri gijelerine daşarda, açyk asmanyň astynda ýatýandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli häkim Sergis Arakelýan bu barada şeýle diýýär: “Köp adamlar özleriniň awtomobilleriniň içinde, garažlarynda, daşarda ýatýarlar. Adamlar gorkýarlar. Eger men sarsgyndan zyýan çeken jaýymyň durkuny abatlap bilmesem, onda men hiç haçan onuň içinde ýaşamaga het edip bilmerin”.

Ýerasty sarsgynda zaýalanan öýlerine dolanyp baranlaryň aýtmagyna görä, olar jaýlarynyň tutuşlygyna ýumrulmagyndan gorkýarlar.

Bir gartaşan aýal özüniň myhman otagynyň diwarlarynda emele gelen jaýrygy görkezip: “Men öz krowadymy gapynyň golaýyna süýşürdim. Ýene sarsgyn bolaýsa, gaçyp çykar ýaly, gapyny açyp goýýaryn. Men dört gijeden bäri düzüwli ýatyp bilemok” diýip, öz ýagdaýyny düşündirdi.

Henizem kömege garaşýarlar

Oba ýaşaýjylarynyň köpüsi öýlerini täzeden abatlamak üçin özlerinde serişdäniň ýokdugyny, onsoň döwletden geljek kömege umyt baglaýandyklaryny aýdýarlar.

11-nji awgustda Eýrany sarsdyran ýer yranma meňzeş sarsgynyň ýakynda Ermenistanda-da boljakdygy baradaky myş-myşlar gorkulary has hem artdyrýar.

Ermenistanyň ýolbaşçylary ýurduň ýakyn arada ýer yranma howpy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy baradaky çaklamalary ret edip, halky howsala düşmezlige çagyrýarlar.

Warhawar obasy barada aýdylanda bolsa, eger garaşylýan kömek gysga wagtda barmasa, bu ýerli ýaşaýjylar üçin uly kynçylyklary döredip biler.
XS
SM
MD
LG