Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa sudunyň hökümine ýiti reaksiýalar bildirilýär


“Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň tussaglyga höküm edilmegine protest bildirilip Parižde geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
“Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň tussaglyga höküm edilmegine protest bildirilip Parižde geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
Moskwanyň sudunyň anna güni “Pussy Riot” toparynyň üç agzasyna garşy çykaran hökümi halkara jemgyýetçiliginde ýiti reaksiýalary döretdi.

Anna güni Moskwanyň sudy “Pussy Riot” toparynyň üç agzasynyň her birini iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud olary “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” günäli diýip tapdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldap Waşingtonda geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
“Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldap Waşingtonda geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
“Pussy Riot” toparynyň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Mariýa Alýohina we Ýekaterina Samusewiç şu ýylyň fewralynda Moskwanyň esasy prawoslaw kelisesinde Putiniň dolandyryşyna garşy kinaýaly protest çykyşyny gurnanlarynda, tussag edilipdiler.

Orsýetiň sudunyň anna günki hökümini Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi çakdanaşa uly jeza hökmünde tankyt etdiler.

Bu hökümiň yzy bilen Orsýetiň “Eho Moskwy” radiosynyň diňleýjileriň arasynda geçiren pikir soraýyşlygynda raýatlaryň dörtden üç bölegi suduň çykaran hökümi bilen ylalaşmaýandyklaryny mälim etdiler.

Protestler giň gerim aldy

Dünýäniň dürli şäherlerinde Moskwanyň sudunyň bu hökümine protest bildirilip, uly bolmadyk protest piketleri gurnaldy. Piket gurnalan şäherleriň hatarynda Barselona, Kopengagen, Sidneý, Riga, Nýu-Ýork we Tbilisi ýaly dürli şäherler bar.

Moskwanyň polisiýasy anna güni suduň binasynyň daşynda demonstrasiýa geçiren aktiwistlerden 50-den gowragynyň tussag astyna alnandygyny we birneme soňra olaryň hemmesiniň erkinlige goýberilendigini mälim etdi.

Şol saklanan adamalaryň hatarynda oppozisiýa lideri, küşt boýunça ozalky dünýä çempiony Garri Kasparow hem bar.

“Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldap Barselonada geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
“Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldap Barselonada geçirilen protest çykyşy. 17-nji awgust, 2012.
Habar agentlikleri anna günki wakalarda häkimiýetleriň Garri Kasparowy bir polisiýa işgärini dişlänlikde aýyplap, onuň goşmaça soraga we hatda jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň mümkindigini habar berýärler.

Maglumata görä, Kasparow gaýta özüniň polisiýa işgäri tarapyndan dişlenendigini aýdyp, özüne bildirilýän aýyplamalary ret edipdir.

Bu wakanyň fonunda Rus prawoslaw kelisesi bu tussag edilen gyzlara häkimiýetleriň rehimdarlyk etmeklerini sorap, çagyryş etdi. Bu bolsa, türme tussaglygyna höküm edilen bu üç gyzyň tussaglyk möhletiniň azaldylmagynyň mümkindigi barada çaklamalary döretdi.
XS
SM
MD
LG