Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Eşiden deň bolmaz gören göz bilen…”


Amerikaly syýahatçy, syýahat boýunça ençeme kitabyň awtory Leon Logotheis. London, iýul, 2012.
Amerikaly syýahatçy, syýahat boýunça ençeme kitabyň awtory Leon Logotheis. London, iýul, 2012.
Türkmenistana sýyahat we iş maksady bilen barýanlaryň sanynyň soňky döwürlerde has artýandygy aýdylýar. Türkmenistanyň hökümeti hem olaryň sanyny artdyrmak üçin dürli çäreler görýär. Hazaryň kenarynda döredilen Awaza syýahatçylyk zolagy hem seyle çärelerden biri.

Amerikaly sýyahatçy, sýyahat boýunça ençeme kitabyň awtory we dürli telekanallarda programmalary alyp barýan Leon Logotheis hem ýakynda Türkmenistanda saparda bolan daşary ýurtlulardan biri. Onuň bu saparynyň maksady gezelenç ya söwda bolman, ol Londondan ýola çykyp, Mongoliýa barýan “awto-ralli” haýyr-sahawatçylyk syýahatynyň çäginde Türkmenistandanda düşläp geçipdir.

Azatlyk Radiosy Leon Logotheisiň Türkmenistanda bolan günleri, başdan geçiren tejribeleri bilen gyzyklanyp, onuň bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Leon, bu siziň Türkmenistana ilkinji saparyňyz bolsa gerek, bu syýahat sizde nähili täsirler galdyrdy?

Leon Logotheis: Hawa, bu meniň Türkmenistana ilkinji baryp görşüm. Türkmenistanda gören zatlarym meni örän haýran galdyrdy. Türkmen halky diýseň mähirli we dostlukly eken.

Amerikaly syýahatçy Leon Logotheis Türkmenistanyň çölünde. Awgust, 2012.
Amerikaly syýahatçy Leon Logotheis Türkmenistanyň çölünde. Awgust, 2012.
Türkmenistan diýlende biziň günbatar ýurtlarda eşidýän we bilýän zadymyz bu ýurtda diktaturanyň höküm sürýändigi, ýurduň izolirlenen durmuşda ýaşaýandygy. Ýöne men beýle zada duş gelmedim. Adamlar örän göwnaçyk we mähirli eken. Hatda olar bize hyzmat etmek üçin birnäçe gezek öz işlerini gyra goýdular.

Azatlyk Radiosy: Awto-rallide syýahat etmek örän gyzykly başdangeçirmelere we tejribelere baý bolsa gerek. Türkmenistanda başdan geçiren gyzykly wakalaryňyz barada gürrüň beräýseňiz?

Leon Logotheis: Biz Aşgabada gidip barýardyk, ýolda agşam düşüp, howa garaňkyrady. Şonuň üçin, ýolumyzy dowam etdirmek islemedik, sebäbi Aşgabada barýan ýol, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky ýaly, erbet ýagdaýdady. Men şol ýolda gijesine maşyn sürmezligi maslahat berýärin.

Şeýlelikde, biz bir obada saklandyk. Ol obada ýaşaýanlardan düşlemek mümkinmi diýip soranymyzda, obalylar bizi göwnaçyklyk bilen kabul edip, bize “elbetde, galyp bilersiňiz” diýdiler we çadyrlarymyzy gurmaga kömek etdiler.

Çagalaryň ählisi diýen ýaly daşaryk çykyp, bizi surata düşürip başladylar. Ýaşulular bizi öýlerine çaýa çagyrdylar. Dogrymy aýtsam, bu meniň rallide iň ajaýyp tejribäm boldy. Ralli elbetde başdan geçirmelerden ybarat bir zat, ýöne ol täze adamlar bilen tanyşmak we aragatnaşyk gurmak üçin hem gowy pursat döredýär.

Biz ýurda syýahat edýän iki sany nätanyş ýolagçydyk, bizi göwnaçyklyk bilen öýlerine çagyrdylar. Aýdyşym ýaly, bu meniň syýahatda iň täsin başdangeçirmäm boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Özbegistanda bolanyňyzda, bir gije çadyryňyzy özbek maşgalasynyň eşeginiň ýanynda gurmaly bolupsyňyz, şol gijäňiz nähili geçdi?

Leon Logotheis: Ol täsin we aýratyn bir gije boldy. Biz ol adam bilen tötänden tanyşdyk, ol gawun satýan eken. Şeýlelikde, men gijäni onuň eşeginiň ýanynda geçirdim. Bu hem bir özboluşly başdangeçirme boldy.

Amerikaly syýahatçy Leon Logotheis özbegistanly gawun söwdegäriniň öýünde. Awgust, 2012.
Amerikaly syýahatçy Leon Logotheis özbegistanly gawun söwdegäriniň öýünde. Awgust, 2012.
Gawun satyjy bizi öz obasyna we öýüne çagyrdy, biz onuň bilen naharlandyk, gawun iýdik. Adamlar bilen tanşyp-bilişmek özboluşly tejribe boldy. Men günbatarda ýaşaýaryn, ol ýerde käte goňşularyň bilen tanyşmagam aňsat bolanok. Emma bu syýahat düýbünden nätanyş adamlar bilen aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik döredýär.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen obasynda galyşyňyz barada gürrüň berdiňiz, obanyň ýaşaýjylarynyň size dürli soraglar bilen ýüzlenendigini aýtdyňyz. Olar esasan näme bilen gyzyklandylar?

Leon Logotheis: Ilkinji berlen sorag “siz kim, bärde näme edip ýörsüňiz” diýen ýaly soraglar boldy. Bizem olara Londondan ýola çykyp, Mongoliýa maşynly barýandygymyzy, haýyr-sahawat maksady bilen kömek ýygnaýandygymyzy, maşynly geçen her kilometrimiz üçin bir çaga kitap sowgat etjekdigimizi düşündirdik.

Ýadymda iň gowy galan zatlaryň biri hem adamlaryň biziň bilen iňlis dilinde gepleşmäge synanyşmagydyr. 11 ýaşly gyzjagaz iňlis dilini şeýle bir gowy bilýän ekeni. Bu meni örän haýran galdyrdy.

Meniň pikirimçe, obanyň ilaty hem bizi görenlerinde, geň galdylar. Olaryň obasyndan nätanyş daşary ýurtlular her gün geçmeýän bolsa gerek. Olaram biz bilen aragatnaşyk gurup, näme bilen meşgullanýanlygymyzy bilmek isleýärdiler. Şuňa meňzeş zatlar-da.

Azatlyk Radiosy: Iýmit bilen bagly tejribäňiz nähili, türkmen tagamlary sizde nähili täsir galdyrdy?

Leon Logotheis: Bu gaty gowy sowal. Türkmenistandaky obada galanymyzda, obanyň ýaşaýjylarynyň biri bizi öýüne çagyrdy, bize çaý berip, et bişirip berdiler. Gaty tagamly boldy. Ondan başga naharlary biz özümiz bişirip iýýärdik. Emma bize hödürlenen ýerli et örän tagamlydy.

Azatlyk Radiosy: Londondan başlan syýahatyňyzyň dowamynda ýolda birnäçe ýurduň resmileri, polisiýa güýçleri, serhet garawullary we migrasiýa gullugynyň işgärleri bilen duşuşansyňyz, Türkmenistadaky şeýle duşuşyklaryňyz nähili geçdi, sizi nähili garşyladylar?

Leon Logotheis: Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky korrupsiýa we parahorluk barada köp gürrüňler eşidipdik, emma Türkmenistanda beýle zada hiç duş gelmedik. Polisiýa işgärleri hem örän dostlukly ekeni. Bizden resminamalary soranlarynda, biz olara dokumentlerimizi görkezýäris, soňra biraz söhbetdeş bolýarys.

Polisiýa we serhetçiler bilen bolan tejribelerimiz barada-da diňe gowy zatlar aýdyp biljek. Men özümize nämäniň garaşýandygyny bilmeýärdim, emma netijede tejribämiz gowy boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana baryp gören daşary ýurtlular bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar esasan Aşgabatda bolandyklaryny aýdyp, obalar hakda o diýen maglumat berip bilmeýärler. Siz şäheri hem obalary gören adam hökmünde, bu ikisiniň arasyndaky tapawut hakda näme aýdyp bilersiňiz?

Leon Logotheis: Hawa, olaryň arasynda ullakan tapawut bar eken. Aşgabat örän kosmopolit şäher, şäherde häzirkizaman kaşaň jaýlar köp, emma oba ýerlerinde beýle arhitektura duş gelmedik.

Obalarda maşynlaryňam sany az, ol ýerde ýaşaýyş düýbünden başgaça. Şäherdäki bilen oba ýerleri deňeşdireniňde, tapawut köp. Obadaky durmuş has parahat, adamlaryň arasyndaky baryş-gelişlerem jebisiräk ýaly görünýär. Bu, elbetde, beýleki ýurtlarda hem şeýle.
XS
SM
MD
LG