Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezidentiň sportdan dişi ýylgyrmady


Aýdym aýdyp, şatlanmagy gowy görýän türkmen prezidentiniň sportdan dişi ýylgyrmady.

Aýdym aýdyp, şatlanmagy gowy görýän türkmen prezidentiniň sportdan dişi ýylgyrmady.

Türkmenistanyň Londondaky olimpiýa oýunlaryna gatnaşan sportsmenler öýlerine medalsyz dolananda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “konstruktiw” hem bolsa, olary tankytsyz galdyrmady.

“Olimpiýa oýunlarynda oňyn netije gazanar ýaly ähli şertleriň döredilenligine garamazdan, biziň sportsmenlerimiz Londonda gowy çykyş edip bilmediler. Olar hiç hili baýraga eýe bolmadylar” diýip Berdimuhamedow 16-njy awgustda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.

Ol adamlary köpçüligiň öňünde tankytlamakdan çekinip durman, şol çykyşynyň dowamynda olimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň çykyşlaryny guramalaşdyran sport we turizm baradaky Döwlet komitetini dargadyp, onuň yolbaşçysyny wezipesinden boşatdy. Öňki komitetiň deregine ol diňe sport üçin niýetlenen komitet döretdi.

Türkmenistanyň gelejekki sportsmenleri öz kärdeşleriniň şowsuzlygy barada aladanmaly däl, sebäbi Berdimuhamedowyň göz öňünde tutýan täze sport görnüşlerinde olaryň üstünlik gazanmaga doly mümkinçilikleri bolar.

“Türkmenistanda sportuň hokkeý ýaly täze görnüşleri giriziler” diyip, türkmen lideri öz çykyşynda belledi.

G.Berdimuhamedow buz hokkeýi barada eýyäm birnäçe wagtdan bäri pikirlenýär. Ýöne territoriýasynyň 90 prosenti çölden ybarat bolup, howanyň temperaturasy 50 gradusa çykýan ýurtda buz bilen baglanyşykly sport oýunlary kadaly bir zat däl.

Bedimuhamedowyň türkmenler üstünlik gazanyp biler diýip pikir edýän beýleki sport ugurlary bolsa buzda tans etmek, at çapyşyk, tigir sürmek we küreklemek ýaly görnüşleri öz içine alýar, emma bu sanaw diňe olar bilen hem çäklenmeýär.

Bu ýyl Londonda geçirilen tomusky olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly 10 sportsmen boks, suwda ýüzmek, dzýudo, ýeňil we agyr atletika boýunça ýaryşlara gatnaşdy.

Sowet Soýuzy dargaly bäri olimpiýa oýunlarynda yekeje medal hem gazanmadyk döwlet üçin belki indiki dört ýylyň içinde buzuň üstünde tans etmek we küreklemek sportlary has şowly netijeler getirip biler.

Belki…..

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG