Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudanda resmi delegasiýaly uçar heläkçilige uçrady


Ýekşenbe güni Sudanda ýörite resmi delegasiýany alyp barýan uçar heläkçilige uçranda, ondaky 31 adam wakanyň pidasy boldy.

Sudanyň Awiasiýa kompaniýasynyň metbugat sekretary Abdelhafiz Abdelrahim bu uçaryň musulmanlaryň Oraza baýramy bilen baglanyşykly geçiriljek çärä ýörite bir delegasiýany alyp barýarka, ýaramaz howada daga baryp urandygyny aýdýar.

Resmi maglumata görä, bu uçaryň içinde köpsanly beýleki resmiler bilen bir hatarda Sudanyň Serenjamlyk we dini işler boýunça ministri Gazi al-Sadyk Abdel Rahym hem bar eken.
XS
SM
MD
LG