Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ilkinji musulman telewideniýesi işläp başlady


Ýekşenbe güni Orsýetde ilkinji gezek ýörite musulman telewideniýesi işläp başlady.

“A1-RTV” diýlip atlandyrylan bu jemgyýetçilik telekanalynyň açylyşy musulmanlaryň Oraza baýramyna gabatlanylyp gurnaldy.

Orsýetdäki iň uly satelit operatory bolan “Tricolor TV” operatory arkaly efire çykjak bu musulman telekanalynda yslam dinine degişli däp-dessurlaryň, tagam taýýarlaýyş sungatynyň, taryhy we medeni maglumatlaryň efire beriljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG