Sepleriň elýeterliligi

Julian Assanj ilçihananyň balkonyndan çykyş etdi


Ýekşenbe güni “WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londonda Ekwadoryň ilçihanasynda gaçybatalga alan ýerinden balkona çykyp, öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

Ol Birleşen Ştatlary öz guramasyna görkezýän basyşlaryny bes etmeklige çagyrdy. Julian Assanjyň bu çykyşyna žurnalistler we onuň tarapdarlary öňünden garaşypdylar.

Ýakynda Ekwadoryň hökümeti oňa syýasy gaçybatalga berýändigini yglan etdi.

2010-njy ýylda ABŞ-nyň diplomatik çeşmelerine degişli hatlary internet arkaly jemgyýetçilige äşgär eden “WikiLeaks” saýtynyň ýolbaşçysy Julian Assanj şu ýylyň iýun aýynda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyna gaçyp atyp, syýasy gaçybatalga sorapdy.

Britaniýanyň häkimiýetleri Şwesiýada aýal maşgala jynsy taýdan el gatmakda bildirilýän aýyplamalar boýunça Assanjy tussag etmek isleýärler.

Emma Julian Assanj bu aýyplamalary ret edýär we özüniň tussag edilen halatynda, şwed häkimiýetleriniň özüni Birleşen Ştatlara tabşyrmaklarynyň mümkindigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG