Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidenti jemgyýetçilik çäresinde peýda boldy


Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad soňky bir aýyň dowamynda ilkinji gezek jemgyýetçilik çäresine gatnaşdy. Hususan-da, ol Oraza baýramy bilen baglanyşykly Damaskdaky Al-Hammad metjidinde gurnalan dini çärede peýda boldy.

Başar al-Assad 18-nji iýulda ýokary derejeli harby we howpsuzlyk işgärleriniň ölümine getiren partlamadan soň jemgyýetçilik çärelerinde peýda bolmandy. Ol soňky gezek 4-nji iýulda parlamentiň öňünde çykyş edipdi.

Ýekşenbe günki dini çärä Başar al-Assadyň öz ýakyn kömekçileri bilen barandygyna garamazdan, olaryň arasynda prezidentiň orunbasary Faruk al-Şaraa göze ilmedi.

Ýakynda käbir habar çeşmeleri onuň häkimiýeti terk edendigini habar beripdiler. Emma Siriýanyň hökümeti bu maglumatlary ret edipdi.
XS
SM
MD
LG